Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhammet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde ministrlige degişli Wepaly atly gujurly alabaýyň «Ýylyň edermen türkmen alabaýy» atly halkara bäsleşikde ýeňiş gazanmagyna hem-de hormatly Prezidentimiziň Şa serpaýyna mynasyp bolmagyna bagyşlanyp, aýdym-sazly dabara geçirildi. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda merdana Watan goragçylarynyň baýramçylyk şatlygyny goşalandyran waka mynasybetli geçirilen dabaraly çärä harby gullukçylar, harby talyplar we harby okuwçylar gatnaşdylar.
Watançylyk,
harby-gahrymançylyk ruhly aýdym-sazlara beslenen dabaraly çärede merdana Watan
goragçylarynyň buýsançly çykyşlaryna giňden orun berildi. Çykyş edenleriň
belleýşi ýaly, ýurdumyzda her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden
bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli çäreleriň çäklerinde
geçirilýän «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşik arassa ganly,
gelşikli beden gurluşyna eýe tohum alabaýlary saýlap-seçmekde, olaryň
başarjaňlygyna, üşükliligine, eýesiniň öwreden hereketlerini ýerine ýetirip
bilmek ukybyna baha bermekde örän möhüm ähmiýete eýe ajaýyp gözden geçirilişdir.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy – Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary
bilen indi birnäçe ýyldan bäri geçirilýän bäsleşik türkmen alabaýlarynyň şanyna
tutulýan toýuň esasy çäreleriniň birine öwrüldi. Şu ýyl paýtagtymyzdaky Aşgabat
atçylyk sport toplumynda geçirilen bäsleşikde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň
«Türkmen alabaýlary» merkezinde ýetişdirilen Wepaly atly alabaýyň ýeňiji
bolmagy ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerinde edermen, gaýratly, naýbaşy ugra degişli,
agrasdan üşükli häsiýeti bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlarynyň
köpeldilmegine, ýetişdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.
Nygtalyşy ýaly, edermen türkmen alabaýlary ata-babalarymyzyň wepaly
dosty, öý-ojagynyň ygtybarly goragçysy bolup gelipdir. Türkmen alabaýlarynyň
harby we söweşjeň häsiýetlere eýe bolandygyna taryh şaýatdyr. Taryhy
maglumatlarda, halk rowaýatlarynda alabaýlaryň merdanalygy, wepalylygy we
islendik çylşyrymly pursatlarda öz janyny orta goýup, adamlary halas etmäge
bolan ukyby barada aýdylýar. Watan goragy ugrunda mukaddes gullugy birkemsiz
berjaý etmekde, ata mekanymyzyň çäklerini gözüň göreji deý goramakda,
ýurdumyzyň harby howpsuzlygyny üpjün etmekde ýurt goragçylaryna türkmen
alabaýlary wepaly ýoldaş hökmünde ýardam berýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap
Türkmenistanymyzy goramakda türkmeniň alabaý itleriniň goşandy uludyr. Bular
hakda Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda giňişleýin söhbet
edilýär. Gahryman Arkadagymyzyň adybir goşgusy bolsa türkmen alabaýlarynyň
waspyny ýetirýän ylham çeşmesidir.
Söz sözlänler ýurdumyzda
alabaýlaryň tohumynyň arassalygyny saklamak we olaryň köpeldilmegi ugrunda
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Türkmen alabaýlary» merkezinde hem giň
gerimli işleriň alnyp barylýandygyny bellediler. Bu merkezde olary ýetişdirmäge
türgenleşdirmäge, öwrenmäge ylmy esasda çemeleşilýär. Milli itşynaslykda
halkymyzyň asyrlarboýy toplan tejribesi hem bu işde örän ýerlikli
peýdalanylýar. Netijede, merkeziň harby gullukçylarydyr it idedijileri yhlasly
zähmet çekip, bu işde asylly maksatlara ýetýärler. Şu ýylky halkara gözden
geçirilişde Garagöz hem Sarygül diýen alabaýlaryň nesli bolan, 2021-nji ýylda
doglan Wepaly atly alabaý hem ady agzalan merkezde ýetişdirilen saýlama,
naýbaşy tohum itleriň biridir. Ol halkara bäsleşikde tiz hem takyk, eýesi bilen
ysnyşykly hereketleri, gelşikli beden gurluşy, dogumlylygy bilen tapawutlanmagy
başardy hem-de emin agzalarynyň ýokary bahasyna mynasyp boldy.
Ajaýyp toý
gününde Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli Wepaly atly türkmen
alabaýynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — «Toyota Camry V6» kysymly
ýeňil awtoulag, ýörite medal, göçme kubok, diplom bilen sylaglanylmagy ähli
Watan goragçylaryny buýsandyran taryhy waka öwrüldi. Bu naýbaşy ýeňiş harby
gullukçylary Ýaragly Güýçlerimiziň düzüminde gadymyýetden janly miras, ynsanyň
iň wepadar ýoldaşy hasaplanýan, edermenlikde, hüşgärlikde deň-taýy bolmadyk
türkmen alabaýlarynyň arassa ganly nesil ugurlaryny köpeltmek, olary milli
itşynaslygymyzyň gazananlaryny oňyn durmuşa geçirmek arkaly idetmek,
şeýlelikde, milli buýsanjymyza öwrülen alabaýlar bilen Watanymyzyň goragyny
birkemsiz alyp barmak ugrunda täze üstünliklere ruhlandyrdy.
Dabaraly çäräniň
dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň aýdym-saz toparlarynyň aýdymçy-sazandalary
tarapyndan ýerine ýetirilen şowhunly çykyşlarda Milli Liderimiziň hem-de hormatly
Prezidentimiziň durmuşa geçirýän il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik
işleri, Watan goragynyň mukaddesligi, parahatçylyk söýüjilik, dünýäde barha
şöhratlanýan türkmen alabaýlarynyň halkymyzyň durmuşyndaky mizemez orny,
edermenligi belentden wasp edildi.
Toý ruhunda
geçen aýdym-sazly dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzyň
aýrylmaz bölegi bolan türkmen alabaýlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan, olaryň
arassa ganly tohumlaryny köpeltmäge, ýetişdirmäge, milli itşynaslygymyzy
ösdürmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimize we ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan
etdiler.