05.07.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Resmi habarlar
Resmi habarlar
27.06.2020 127 Habarlar

«Aragatnaşyk hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 7-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň çäginden daşyna iberilmegi gadagan edilýän goýumlaryň sanawy tassyklanyldy.

* * *

Türkmenistanda energiýa durnuklylygyny üpjün etmekde gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça Milli strategiýany işläp taýýarlamak işini ulgamlaýyn esasda alyp barmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.

Daşary işler ministrligine Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça milli strategiýanyň taslamasyny taýýarlamak işine halkara guramalaryny we beýleki halkara düzüm birliklerini bellenen tertipde çekmäge ygtyýar berildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki (Abu-Dabi şäheri) Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serdarmämmet Saparmämmedowiç Garajaýew Türkmenistanyň Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentliginiň ýanyndaky Hemişelik wekili wezipesine bellenildi.