30.10.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Resmi habar
Resmi habar
14.10.2020 114 Habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş edaralarynyň tiz kömek awtoulaglary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we ilatymyza edilýän tiz lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ätiýaçlyk gorundan 1 sany «UAZ 39629-016» kysymly tiz kömek awtoulagyny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna bellenen tertipde muzdsuz bermek tabşyryldy.