«Integral mikroshemalaryň
topologiýalarynyň hukuk goragy hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda,
integral mikroshemalaryň topologiýalarynyň hukuk goragy we peýdalanylmagy bilen
bagly gatnaşyklary düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti
Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, integral mikroshemalaryň
topologiýalaryny döwlet belligine almak bilen baglanyşykly hereketleriň amala
aşyrylmagy üçin ýygymlary tölemegiň Tertibi hem-de degişli ýygymlaryň möçberi
tassyklanyldy.