milli goshun logo
Pudaklaýyn forumlar — 2018: Ählumumy logistika we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary
Pudaklaýyn forumlar — 2018: Ählumumy logistika we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary
20.12.2018 857 Habarlar

Ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýän hem-de ýurdumyzda ulag ulgamy babatda geçirilýän pudaklaýyn maslahatlar bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.

Şu ýylyň maý aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Beýik Ýüpek ýoly — täze ösüşlere tarap” atly Halkara maslahatynyň geçirilendigini bellemeli. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylaryň öňünde çykyş edip, häzirki döwürde dünýäniň onlarça döwletleriniň, ýüz millionlarça adamlaryň ösüşi üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýan Beýik Ýüpek ýolunyň çäklerinde amala aşyrylýan işlere aýratyn ünsi çekdi.

Ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümi, ilkinji nobatda, BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy (ÝYK) hem-de BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebiti üçin ykdysady we durmuş komissiýasy (AÝYDK) bilen has ysnyşykly hyzmatdaşlyk we özara hereket etmäge taýýardygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ulag düzümlerini mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly birnäçe anyk teklipleri öňe sürdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň, Merkezi Aziýa üçin Türkiýä çykalgasy boljak Modal ýoly döretmek başlangyçlaryny doly goldaýar we bu taslamanyň durmuşa geçirilmegine goldaw bermäge taýýardygyny mälim edýär. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz BMG-niň ÝYK-nyň we AÝYDK-nyň çäklerinde Owganystan-Türkmenistan –Azerbaýjan-Gruziýa-Türkiýe ulag geçelgesini gurmagyň dürli tapgyrlaryny ara alyp maslahatlaşmaga çagyrdy.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan TRASEKA maksatnamasynyň işjeň hyzmatdaşy we oňa gatnaşyjy bolmaga taýýardyr. Merkezi Aziýadan günbatar tarapa ulag geçelgesiniň döredilmegi Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek maksatlaryny durmuşa geçirmekde, Ýewraziýanyň iki dünýä ykdysady zolaklaryny hil taýdan täze derejede baglanyşdyrmakda möhüm orny eýeleýär.

Awazada geçirilen maslahat ählumumy gatnaşyklaryň özboluşly dowamyna öwrüldi. Onuň jemleri boýunça degişli Jarnama kabul edildi. “Ýaşyl port” halkara ülňülerine laýyklykda işlenip taýýarlanylan bu taslamanyň täzeçilligi ýörite güwanamalar bilen tassyklandy. “Pricewaterhouse Coopers” Halkara kompaniýasy we “Hamburger Hafenund Logistik AG” ulag-logistik kompaniýasy (Germaniýa) Türkmenbaşydaky deňiz portuny iň gowy we netijeli port hökmünde ykrar etdi. Porta öňdebaryjy tehnologiýalaryň ulanylandygy üçin “Zeeland” (Niderlandlar) Deňiz portuna syn ediş geňeşiniň Güwanamasy gowşuryldy. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen döwletleriň arasynda özara gatnaşyklaryň giňeldilmegine we döwletleriň gülläp ösüşine goşan netijeli goşandy üçin “Ýüpek ýoly” Halkara söwda palatasynyň we “Tang West Market Group” (Hytaý) Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň ýurtlarynyň Söwda-senagat edaralarynyň konfederasiýasynyň Güwanamalary gowşuryldy.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň esasy “deňiz derwezesi” Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Birinjiden, ol deňiz derejesinden pesde ýerleşen iň uly deňiz porty (umumy meýdany 1 million 358 müň 484 inedördül metr) hökmünde, ikinjiden bolsa, deňiz derejesinden pesde ýerleşýän iň uly emeli adanyň gurulmagy bilen girizildi. Bu desga göçýän guşlar üçin has-da ähmiýetli bolup durýar. Maks Plankanyň Ornitologiýa institutynyň (Germaniýa) we Awstriýa ornitologiýa merkeziniň Güwanamalarynyň we baýraklarynyň gowşurylmagy bu derejäni has-da berkidýär.

Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portunyň taslamasynyň ABŞ-nyň “Endineering News-Record” žurnalynyň her ýylda “Project of the Year Award” — “Ýylyň taslamasy” abraýly bäsleşiginiň ýeňijisi bolandygyny bellemeli. Abraýly pudaklaýyn neşiriň emini bu taslamany “Aeroport /port” (ENR Global Best Project) derejesinde iň gowy halkara taslama hökmünde ykrar etdi.

 “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary astynda geçýän 2018-nji ýylda ulag ulgamyna degişli iri taslamalar durmuşa geçirildi. Hazaryň kenarynda bina edilen Halkara deňiz portundan başga-da, Owganystany Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamyna birikdiren Serhetabat — Turgundy demir ýoly gurlup ulanmaga berildi.

Ýurdumyzyň standart däl ýükleri daşamakda ýöriteleşdirilen we GDA, Baltika, Pars aýlagy ýurtlarynyň ugurdaş kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmekde oňyn tejribe toplan “Ýük ulag merkezi” ulag-ekspeditor kompaniýasy maslahatyň baş ýardamçysy boldy.

Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gruziýa Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda baglaşylan üstaşyr we ulag hyzmatdaşlygy hakynda ylalaşyga (“Lapis Lazuli” ugry boýunça Ylalaşyk) gatnaşyjy ýurtlaryň –ulag ministrleriniň Halkara maslahaty ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim boldy.

Noýabr aýynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen bu maslahat daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ünsüni özüne çekdi, olar “Lapis Lazuli” ugrunyň multimodal ulag-üstaşyr geçelgesi hökmündäki ägirt uly ähmiýetini bellediler. Şeýle hem Beýik Ýürek ýoluny täze görnüşde dikeldýän ýurdumyzyň ulag düzüminiň barha artýan mümkinçilikleri aýratyn nygtaldy.

News Central Asia (aCa), Trend, Eurasia Net, News Day, Azertage, Hurriyet Daily News, SNG.today, ABC, Anadolu Agency, TNews, Uzbekistan 24, Infopole, Avesta.TJ, ArmInfo we beýlekiler ýaly iri halkara hem-de milli neşirleriň maglumat hem-de seljeriş makalalarynda «Lapis Lazuli» geçelgesiniň Ýewraziýanyň durnukly ykdysady ösüşine ýetirýän ägirt uly täsiri barada ençeme gezek nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, mundan birnäçe gün ozal Owganystanyň Hyrat şäherinden Türkmenistana “Lapis Lazuli” ugry boýunça synag gatnawyny ýerine ýetirýän ýük awtoulag kerweniniň gelendigini bellemelidiris. Bu awtoulag kerweni owgan ekerançylarynyň ýetişdiren oba hojalyk önümlerini, şol sanda pagtany, künjini, üzümi, garpyz çigitlerini we beýlekileri daşaýar. Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portundan bu ýükler paromlar arkaly Azerbaýjana, şol ýerden bolsa soňra Gruziýanyň üsti bilen Türkiýä çenli ugradylar.

Türkmenistanyň Hökümeti ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlykda Halkara Bitaraplyk gününiň öň ýanynda Aşgabatda “Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüş” atly Halkara ministrler maslahatyny gurady. Maslahata ministrler, dünýäniň 50-ä golaý ýurdundan Owganystandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Bruneý — Darussalamdan, Kambojadan, Hytaýdan, Müsürden, Gruziýadan, Gresiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Iordaniýadan, Keniýadan, Yrakdan, Italiýadan, Ýaponiýadan, KHDR-den, Koreýa Respublikasyndan, Kuweýtden, Malaýziýadan, Mongoliýadan, Mozambikden, Nepaldan, Filippinlerden, Katardan, Ispaniýadan, Şri Lankadan, Russiýa Federasiýasyndan, Saud Arabystanyndan, Sudandan, Siriýadan, BAE-den ýokary wezipeli wekiller hem-de bilermenler gatnaşdylar.

Maglumat önümlerini hem-de aragatnaşyk hyzmatlaryny hödürleýän maglumat bazary Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri bolmalydyr. Şunuň bilen baglylykda, oktýabr aýynda “Türkmentel — 2018” telekommunikasiýalar, telemetriýa hem-de maglumat tehnologiýalary atly XI Halkara sergisini we ylmy maslahatyny bellemelidiris, ony Aragatnaşyk ministrligi we ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow foruma gatnaşyjylara iberen Gutlag hatynda telekommunikasiýalar ulgamynyň häzirki zaman dünýäsinde barha artýan ornuny nygtady. Milli kommunikasiýalar ulgamynyň mümkinçilikleriniň yzygiderli artdyrylmagy, 2018-2024-nji ýyllarda älem ulgamyny ösdürmek boýunça işleriň üstünlikli geçirilmegi netijesinde raýatlara ýokary hilli we elýeterli aragatnaşyk hyzmatlarynyň hödürlenýändigini, döwletimiziň bu ulgama ägirt uly serişdeleri goýberýändigi barada milli Liderimiziň Gutlagynda aýdylýar.