milli goshun logo
Paýtagtymyzda iri sebit ýaryşyna badalga berildi
Paýtagtymyzda iri sebit ýaryşyna badalga berildi
06.06.2023 1899 Sport

5-nji iýunda türkmen paýtagtynda 12 ýaşly we şondan kiçi ýetginjek oglan-gyzlaryň arasynda tennis boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sebitleýin ýaryşynyň dabaraly açylyşy boldy. Bu waka hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen strategiýanyň Halkara tennis federasiýasy we Aziýanyň tennis federasiýasy tarapyndan giňden goldanylýandygynyň, Aşgabadyň ykrar edilen halkara sport merkezine öwrülendiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Bu gün Olimpiýa şäherçesiniň 4 müň orunlyk toplumyny baýramçylyk ruhy gurşap alyp, oňa köp sanly tomaşaçylar ýygnandylar. Hemmeler dabaraly pursada — sport ýaryşynyň açylyşyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Ine-de, uzak garaşylan pursat ýetip gelýär. Sport toplumynyň ýaryş meýdançasyna sebitleýin sport çäresine gatnaşýan Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Döwlet baýdaklarynyň astynda türgenler toparlary gelýärler. Olar hatara düzülýärler. Sport ýaryşynyň resmi açylyşyna badalga berilýär.

Açylyş dabarasy Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň we Karate-do federasiýasynyň sport mekdeplerinde tälim alýanlaryň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň, Çagalar we ýetginjekler köşgüniň tans toparlarynyň çykyşlary bilen tamamlandy. Sport ýaryşy 6 döwletiň — Türkmenistanyň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň wekillerini bir ýere ikinji gezek jemlän sebitleýin sport çäresi hökmünde taryha girdi. Bu ýurtlaryň ählisiniň wekilleriniň gatnaşmaklaryndaky ilkinji sport ýaryşy hem 2019-njy ýylda gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirilipdi.

Ýurdumyzyň toparlarynyň ikisi-de sport ýaryşyna üstünlikli başladylar. Aşgabat şäherinden Süleýman Hudaýberdiýewiň we Nazargeldi Amangeldiýewiň, Türkmenabat şäherinden hem Aly Geldiýewiň çykyş edýän oglanlar topary gyrgyzystanly bäsdeşlerini 3:0 hasabynda ýeňmegi başardylar. Aşgabat şäherinden Aýlar Kakabaýewanyň, Anna Ponýatowanyň we Näzli Hudaýgulyýewanyň çykyş edýän gyzlar topary hem şol hasapda Gyrgyzystandan gelen bäsdeşlerini ýeňmegi başardy.

Özbegistandan gelen oglanlar we gyzlar toparlary täjigistanly bäsdeşlerinden 3:0 hasabynda üstün çykdylar. Gazagystanly ýaş tennisçiler owganystanly bäsdeşlerini 3:0 hasabynda ýeňdiler.