milli goshun logo
Paýhas çeşmesinden watançylyk, mertlik hakynda
Paýhas çeşmesinden watançylyk, mertlik hakynda
22.01.2019 32280 Parasatly Pikirler

•   Atany söýen, Watany söýer.

•   Geýmäge keten ýagşy, ölmäge – Watan.

•   Watan gedaýy – kepen gedaýy.

•   Watanyň tüssesi ýat iliň odundan ýagşy.

•   Batyr bir öler, gorkak – müň.

•   Batyr söweşde belli, ýüwrük – ýaryşda.

•   Batyrdan ölüm hem eýmenermiş.

•   Batyrlyk bilekde däl, ýürekde.

•   Batyryň bezegi – ýüzüniň ýarasy.

•   Är dogan ýerini küýsär, it – doýan ýerini.

•   Är başyny eger, emma dyzyny epmez.

•   Är baksa dag eýmener.

•   Är kişi kine saklamaz.

•   Är kişi öz öýüne gonak.

•   Är kişini gylyç öldürmez, söz öldürer.

•   Är ýigit özi üçin dogar, ili üçin öler.

•   Ärden ogul dogsa ýagşy, ata ýolun kowsa ýagşy.

•   Äre gaýgy ýoldaş bolmaz.

•   Göçen ýurduň gadryny gonaňda bilersiň,

•   Ýagşy ýaryň gadryny – ölende.

•   Guş – ganaty bile, ýigit – aty bile.

•   Jomart aşda belli, batyr – söweşde.

•   Jomart baryny berer, namart – ýaryny.

•   Mert elinden köp iş geler, namartdan hiç iş bitmez.

•   Mert Hudaýdan görer, namart – ýoldaşdan.