2025-nj
ýylyň 21-24-nji oktýabry aralygynda gadymy Horezm welaýatynda we Daşkent
şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň
DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
21-nji
oktýabrda Horezm welaýatynyň aýdym-sazly drama teatrynda Türkmenistanyň
Medeniýet günleriniň ýokary derejeli açylyş dabarasy geçirildi. Açylyş
dabarasynyň barşynda Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimow
hem-de Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministriniň birinji orunbasary
B.Ahmedow gutlag sözleri bilen çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda şeýle
çäreleriň geçirilmegi müňýyllyklara uzaýan dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan
beýläk-de berkitmekde, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde
uly goşant goşýandygyny nygtadylar.
Dabaranyň
çäklerinde muzeý gymmatlyklarynyň, nepis we amaly-haşam sungat eserleriniň
hem-de Türkmenistanyň baý medeni mirasyny şöhlelendirýän surat sergisiniň
açylyşy geçirildi. Bu sergi myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi we iki ýurduň
halklarynyň aýrylmaz medeni gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Türkmenistanyň
wekiliýetiniň Özbegistan Respublikasyna bolan saparynyň dowamynda
Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary N.Şirimow
Özbegistan Respublikasynyň Medeniýet ministri O.Nazarbekow bilen duşuşyk
geçirdi. Duşuşykda teatr, aýdym-saz, kino we şekillendiriş sungaty ulgamynda
hyzmadaşlygy ösdürmek hem-de medeni alyş-çalşy giňeltmek meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Hususan-da taraplar iki ýurduň halklarynyň ruhy mirasyny gorap
saklamak meselelerine aýratyn üns berdiler.
Saparyň
çäklerinde türkmen wekiliýeti gadymy Ürgenç we Hywa şäherleriniň taryhy-medeni
ýadygärliklerine gezelenç etdiler.
22-23-nji
oktýabrda Horezm welaýatynda we Daşkent şäherinde Daşoguz welaýatynyň
Nurmuhammet Andalyp adyndaky aýdym-sazly drama teatrynyň sahna eseri
tomaşaçylara hödürlenip, bu eser myhmanlardan ýokary baha aldy.
24-nji oktýabrda Daşkent şäherindäki «Özbegistan» Halkara forumlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň aýdym-sazly ýapylşyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde myhmanlar Türkmenistanyň we Özbegistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konsertine tomaşa etdiler.