Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Döwlet muzeýinde ýurdumyzda her ýyl bellenilýän Ylymlar gününe bagyşlanan sergi açyldy.
«Ylym – adamzadyň baýlygydyr» atly serginiň merkezi böleginde muzeýiň hat çeşmeleri arhiwinden tematiki fotosuratlar goýlupdyr. Onda ýurdumyzyň ylmyna saldamly goşant goşan ajaýyp alymlaryň portretleri bar. Bu ýerde XX asyrda arheologiýa, paleontologiýa, etnografiýa, geologiýa, biologiýa ylymlarynda ylmy ekspedisiýalar we barlaglar barada gürrüň berýän özboluşly dokumental suratlar ýerleşdirilipdir.
Sergidäki Türkmenistanyň çäginde arheologik agtaryşlarda tapylan keramika önümleri, ülňüde ýasalan keramika önümleriniň we gadymy binalaryň bölekleri türkmen halkynyň binagärlik ýörelgeleri, medeniýeti we durmuşy barada gürrüň berýär.