3-nji dekabrda
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň maslahatlar zalynda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek
ýolunyň ýüregi» diýen kitabynyň ikinji jildiniň arap dilinde çykan neşiriniň
tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Dabara Saud
Arabystanynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň wekilleri,
Türkmenistanyň Patyşalykdaky diplomatik ulgamynyň wekilleri, ýokary okuw
mekdepleriniň professor-mugallymlar düzümi, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň işgärleri,
syýasatşynaslar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de
talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Milli
Liderimiziň kitaby ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň okyjylarynyň arasynda uly
meşhurlyga eýe boldy. Yklymyň iki bölegini birleşdiren, söwda ýoly hökmünde
däl-de, eýsem, taryhy-medeni hakykat hökmünde hem Beýik Ýüpek ýolunyň
täsinligini açyp görkezýän eserde türkmen halkynyň taryhy ýoluna hem-de
dünýäniň ylmy, ykdysady we medeni ösüşine goşan çäksiz goşandyna anyk baha
berilýär.
Tanyşdyryş dabarasynda çykyş eden Saud Arabystanynyň Ylmy aragatnaşyk we gözlegler merkeziniň başlygy, professor Ýahýa bin Mahmud Jüneýd bu kitabyň ylmy toparlar üçin hem gyzyklanma döredýän ýöriteleşdirilen neşirdigini belledi.