milli goshun logo
Milli Liderimiziň Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy
Milli Liderimiziň Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy
23.04.2025 110 Habarlar

Düýn – 22-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna dostlukly sapary tamamlandy.

Saparynyň ikinji gününde Milli Liderimiziň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşygy boldy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine kanagatlanma bildirip, geçen ýyllaryň dowamynda dürli ugurlar boýunça ygtybarly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi. Şeýle-de Milli Liderimiz iki ýurduň arasynda sebit we ählumumy gün tertibiniň parahatçylygy, durnuklylygy saklamaga hem-de pugtalandyrmaga, durnukly energetikany, ulag baglanyşygyny üpjün etmäge, suw serişdelerini rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawy goramaga we howanyň üýtgemegine degişli möhüm meseleler boýunça özara düşünişmek ýagdaýynyň bardygyny aýtdy.