Düýn – 28-nji martda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Hosein Amir
Abdollahiýan bilen duşuşdy.
EYR-nyň daşary syýasat edarasynyň
ýolbaşçysy pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimiziň hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklaryna möhüm ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de bu gatnaşyklaryň hil
taýdan täze derejä çykarylmagyndaky tagallalaryny aýratyn belledi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy iki döwletiň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda,
dünýä giňişliginde, iri halkara guramalaryň çäklerinde alyp barýan
hyzmatdaşlygyna ünsi çekdi hem-de EYR-nyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň
Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul eden «2025-nji ýyl – Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynyň awtordaşy bolup çykyş
edendigi üçin eýran tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň
Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we Eýran Yslam
Respublikasynyň daşary işler ministri birek-birege berk jan saglyk, uzak ömür,
işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip, özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de
ähli ugurlarda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.