milli goshun logo
Milli Liderimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz doganlyk döwletiň Prezidentini gutladylar
Milli Liderimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz doganlyk döwletiň Prezidentini gutladylar
12.02.2024 405 Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy — Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen ýola goýlan köpugurly gatnaşyklara ýokary baha berýär. Biz gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk däplerine esaslanýan hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge taýýardygymyzy beýan edýäris» diýlip, hatda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we rowaçlyk, Eýran Yslam Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi.

                                                                                               ***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä we ýurduň ähli doganlyk halkyna Eýran Yslam Respublikasynyň milli baýramy Ynkylap güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan bilen goňşy Eýran Yslam Respublikasyny köp asyrlara uzaýan doganlyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar» diýip, Gahryman Arkadagymyz hatynda belledi we bu gatnaşyklaryň geljekde-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Eýran Yslam Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdi.