Paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly,
Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Oňa
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda geçirilen halkara
çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet
Baştutanlary bilen bilelikde gatnaşdy.
Milli senenamamyzda möhüm orny eýeleýän şanly senäniň
hormatyna guralan dabaralar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny
şertlendirdi. Belent ruha beslenen aýdym-sazly çykyşlar ýurdumyzyň
abadançylygyny, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny wasp etdi. Medeniýet we sungat
ussatlarynyň, folklor toparlarynyň, teatr artistleriniň taýýarlan baýramçylyk
konserti oňa gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Onda milli
aýdym-sazlaryň daşary ýurt aýdymlary bilen utgaşykly ýaňlanmagy tomaşaçylaryň
şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.
Baýramçylyk konsertinde Gahryman Arkadagymyzyň
sözlerine, Kerim Berdimuhamedowyň sazyna döredilen “Ak şäherim Aşgabat” atly
aýdymyň ýaňlanmagy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy
mynasybetli taýýarlanan konsertiň ähmiýetini has-da artdyrdy. Joşgunly aýdym
ýurdumyzyň belli tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdy. Aýdym-sazly
çykyşlaryň ajaýyp sahnadaky monitorlarda görkezilýän şekiller bilen utgaşmagy
onuň mazmun taýdan baýlaşmagyny üpjün etdi.
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy ýurdumyzda
ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda gazanylýan ösüşleriň aýdyň nyşanyny özünde
jemlemek bilen, köpöwüşginli häsiýete eýe boldy. Watanymyzyň hemişelik
Bitaraplyk hukuk derejesi sebit we halkara derejede parahatçylygy, howpsuzlygy
üpjün etmekde wajyp gural hökmünde ykrar edildi. Bu bolsa Türkmenistanyň
halkara parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň dünýäde giň goldawa eýe bolýandygyny
äşgär edýär.
Dünýäniň sazlaşykly ösüş ýoluna düşen ýurtlarynyň
hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan Garaşsyz Türkmenistan şu geçen döwürde ähli
ugurlar boýunça ýokary netijeleri gazandy.
Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy dünýä jemgyýetçiligi üçin ähmiýetli bolan
syýasy wakalara, halkara çärelere beslendi. Şunuň bilen baglylykda, şanly
senäniň hormatyna ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar ýurdumyzda Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
amala aşyrylýan beýik işleriň senasy bolup ýaňlandy. Konserte gatnaşyjylaryň
şowhunly el çarpyşmalary ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň
çykyşlaryna berlen baha hökmünde kabul edildi. Şunda estrada aýdymçylarynyň,
teatr artistleriniň, tans we folklor toparlarynyň sazlaşykly çykyşlarynyň
dabara özboluşly öwüşgin çaýandygyny bellemek gerek. Çykyşlarda halkymyzyň
bähbidine amala aşyrylýan işler, ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşleri, ähli ugurlar
boýunça ýetilen sepgitler çeper beýan edildi.
Däp bolşy ýaly, şanly senäniň hormatyna guralan
konsertde küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Gahryman Arkadagymyzyň sözlerine we
sazyna döredilen “Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly joşgunly
aýdym baýramçylyk konsertiniň jemlenmesine öwrüldi. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm
ähmiýetli baýramçylygyň hormatyna guralan konsert ýakymly pursatlara baý boldy.
Ak mermerli Aşgabadyň nurana agşamlarynda asuda asmany ýagtylandyran älemgoşar öwüşginli feýerwerk giňden ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralaryny jemledi. Asman giňişliginde emele gelen şekiller halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, ýurdumyzyň abadançylygyny, uly dabaralara beslenen şanly senäni äşgär eden görnüşlere beslendi.