23-nji iýunda Daşoguz welaýatynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly
Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň
maksatnamasynyň çäklerinde döredijilik çäresine gatnaşyjylaryň täsin binagärlik
we arheologik ýadygärliklere baryp görmegi göz öňünde tutuldy. Şolaryň ençemesi
ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Şeýle hem şu gün Ýaşlar kölüniň kenaryndaky
meýdançada «Bitaraplygyň mekanynda – bagtyýar çagalyk» atly köp öwüşginli
çagalar baýramçylygy geçirildi.
Soňra medeni forumyň çäreleri ilkinji gezek
S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň «Altyn ýol» geňeşliginiň döwrebap oba Medeniýet
öýünde dowam etdi. Bu ýerde milli medeni syýasaty durmuşa geçirmek babatda kino
sungatyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meselelerine bagyşlanan duşuşyk
geçirildi. Soňra «Beýik Ýüpek ýoly» atly taryhy filmiň ilkinji görkezilişi
boldy. Bu film milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi»
atly eseriniň esasynda döredildi.
Dabaralar agşam Daşoguz şäheriniň merkezi
böleginde ýerleşýän Magtymguly meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde, beýik
türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňünde «Belent
waspyň dilde dessan, Arkadagly Türkmenistan» atly edebi çäre geçirildi. Medeniýet
hepdeliginiň ikinji gününiň maksatnamasy ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň
konserti bilen tamamlandy.