Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi onlaýn görnüşde alymlaryň halkara duşuşygyny gurady.
Maslahat «Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň medeni mirasy öwrenmek boýunça halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki ähmiýeti» atly mowzuk bilen baglanyşykly boldy. Paýtagtymyzdaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirilen wideomaslahat bilen birlikde, alymlar tarapyndan ýurdumyzyň dürli ýadygärliklerinde ýüze çykarylan tapyndylaryň sergisi guraldy.
Duşuşyga Beýik Britaniýadan, Russiýadan, ABŞ-dan, Italiýadan, Ispaniýadan we Fransiýadan arheologlar gatnaşdylar. Olar çykyşlarynda ýurdumyzyň çägindäki taryhy ýerleriň öwrenilişi, özleriniň taryhy-arheologiki we ylmy barlaglarynyň netijeleri barada gürrüň berdiler.