milli goshun logo
Kuraş – 2023: Türkmen türgenleri çempionatynyň ilkinji gününde 8 medala mynasyp boldular
Kuraş – 2023: Türkmen türgenleri çempionatynyň ilkinji gününde 8 medala mynasyp boldular
27.11.2023 1503 Sport

Şu gün  27-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji tutluşyklary boldy. Sekiz türgen 8 medal gazandy. Şol sanda 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medal. Ynha, paýtagtymyzda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň ilkinji güni türkmen ýygyndysynyň agzalary we olaryň janköýerleri üçin şeýle netijeler bilen tamamlandy. 

Günüň birinji ýarymynda erkekleriň arasynda 90, 100 hem-de 100 kilogramdan ýokary agram derejelerinde, şeýle hem zenanlaryň arasynda -48, -52, -57, -63, -70 kilogram agram derejelerindäki türgenler ýurdumyzyň sport abraýyny goramak üçin göreş düşekçesine çykdylar. Netijede, erkekleriň arasynda 100 kilogram agram derejesinde Ruslan Esgerow we 100 kg-den ýokary agram derejesinde bolsa Sapa Sapaýew bürünç medallara mynasyp boldular. Gyzlardan bolsa 57 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Gülşat Annaýewa hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy.

Türgenlerimiziň 5-si finalda göreşip, Sanjar Abdirahmanow (-90 kg), Aýşirin Haýdarowa (-48 kg), Aýnur Amanowa (-52 kg) dagy çykyşlaryny kümüş medal bilen jemlediler.

63 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden Dinara Rozykulowa ýurdumyza ilkinji altyn medaly, 70 kg çenli agramda Mariýa Lohowa ýurdumyza ikinji altyn medaly gazandyrdy.

Ertir  28-nji noýabrda Kuraş boýunça dünýä çempionatynda erkekleriň arasynda dört we zenanlaryň arasynda üç medal toplumy ugrunda tutluşyklar geçiriler.