Türkmenistanyň Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan “Italiýa. Arheologiýa. Hytaý” sergisi paýtagtymyzyň medeni durmuşynda şanly waka boldy. 2018-nji ýylyň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygaryna bagyşlanan sergide suratlaryň reproduksiýalary we amaly-haşam sungatynyň eserleri, şeýle hem arheologik artefaktlar goýlupdyr. Serginiň guramaçylary – Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi, Italiýanyň we Hytaýyň Ilçihanalary uzynlygy boýunça we siwilizaýiýa babatda gadymy kerwen ýolunyň taryhynda biziň ýudumyzyň esasy ähmiýete eýe bolandygyna ünsi çekmäge çalşypdyrlar.
Serginiň hytaý bölüminde Gündogar we Günbatar medeniýertleriniň bir-birine özara täsir edenliginiň subutnamasy bolan özboluşly eksponatlaryň elliden gowragynyň fotosuratlary goýlupdyr. Olaryň arasynda kaknus guşuň kellesi çekilen üç reňkli syrça çalnan küýze hem bar. Hünärmenleriň pikirine görä, ol VI asyrda Persiýdan Hytaýa getirilipdir. Aýna käse Wizantiýa eýýamynda, ýagny Ortaýer deňzi sebitlerinde miladydan öňki I asyrda ulanylan usulda ýasalypdyr. Onuň Hytaýa getirilmezinden öň uzak ýol geçendigine şek-şübhe ýok.
Keramiki heýkeljikleriň ençemesi, düýe kerweni şekillendirilen freska žiwopisi, wizantiýa teňňeleri, möhürler we gündelik ulanylan beýleki zatlar gadymylygy we nepisligi bilen haýran edýärler.
Hytaý medeniýeti Günbatary diňe bir nepis ýüpegi däl, eýsem tehniki açyşlary – kompasy, kagyz, kitap çap etme usuly, däri, kagyz pullary bilen Beýik Ýüpek ýoly arkaly baýlaşdyrypdy.
1647-nji ýylda çap edilen “Selenografiýa” kitabynyň frontispisinde al Haýfam bilen Galileo Galileý şekillendirilipdir, olaryň kellesinde selle bar. Maglumatlar tagtasyndaky ýazga salgylansaň, şol döwürde Günbatarda Gündogara mahsus eşik saýrylygyň we ylym-bilimliligiň nyşany eken.
Parfiýa aýratyn bölüm bagyşlanypdyr. Orta Aziýa miladydan öňki II asyryň ahyrynda – I asyryň başynda gelip gören nytaýly syýahatçylar Parfiýanyň golastynda ýüze golaý senetçiligi we söwdasy ösen ululy-kiçili şäherleriň bolandygyny habar beripdirler.