Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly jenap Prezident!
Men Sizi Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň beýleki döwlet Baştutanlary bilen bilelikde Amerikanyň Birleşen
Ştatlary bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
pugtalandyrmagyň we giňeltmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin
2025-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Ak tamda geçiriljek duşuşyga çagyrýaryn.
Duşuşygyň dowamynda ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň, howpsuzlygy
pugtalandyrmagyň hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollaryny ara alyp
maslahatlaşarys. Biziň bilelikde ýokary sepgitlere ýetjekdigimize ynanýaryn.
Sizi Ak tamda kabul etmäge
sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Hormatlamak bilen,