24-nji martda
hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň ýurdumyzyň söwda toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Ç.Gylyjowyň
hem-de bu topluma degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatyň barşynda 2025-nji ýyla çenli sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge degişli wezipeler hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek bilen bagly meselelere garaldy.