milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy
12 sagat öň 7 Habarlar

Şu gün Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi. Ozal habar berlişi ýaly, düýn hormatly Prezidentimiz Gazagystana döwlet sapary bilen bardy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni «Akorda» köşgüne bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady. Soňra Türkmenistanyň Prezidentini resmi garşylamak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň resmi wekiliýetiniň, gazak Lideri bolsa Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyryldy. Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Kasym-Žomart Tokaýew ýörite niýetlenen münbere geçýärler. Hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Iki ýurduň Döwlet senalary ýaňlanýar. Döwlet Baştutanlary nyzama düzülen esgerleriň öňünden geçdiler hem-de Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdagyny sarpaladylar.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi.

Gazagystanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, çakylygy kabul edip Gazagystana gelendigi üçin hoşallygyny beýan etdi we hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň däp bolan dostlukly gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk, şeýle-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan etdi hem-de pursatdan peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe iberen salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigini hem-de syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine alýandygyny nygtady.

Dostlukly ýurduň Lideri Gazagystanyň Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlaryny goldaýandygyny aýdyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde ýurdumyzyň BMG bilen bilelikde geçirýän çäreleriniň ähmiýetini belläp, dekabr aýynda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşjakdygyny tassyklady.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlyk bildirip, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny nygtap, ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin bilelikde tagalla etmäge taýýardygyny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz ekologiýa ulgamynda senagat galyndylaryny gaýtadan işlemek, «ýaşyl» gurluşyk, Aral we Hazar deňizleriniň ekoulgamyny goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk babatda özara haryt dolanyşygynyň durnukly ösýändigi aýdyldy. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň energetika ulgamynda Gazagystan bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardygyny, uglewodorod serişdelerini çykarmagyň netijeliligini we ekologik howpsuzlygy ýokarlandyrmak boýunça tejribe alyşmaga, elektroenergetika, himiýa senagaty, metallurgiýa, maşyngurluşyk, dokma senagaty, nebithimiýa, tebigy gazy gaýtadan işlemek, şäher gurluşygy pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmäge açykdygyny tassyklady.

Ulag-logistika ulgamy-da ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurtlarymyzy baglanyşdyrýan awtomobil ýol infrastrukturasyny ösdürmek babatda utgaşykly işler alnyp barylýar. Şu aýyň başynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän awtomobil köprüsi işe girizildi, Türkmenbaşy şäherinden türkmen-gazak döwlet serhedine çenli awtomobil ýolunyň gurluşygy dowam edýär. Sanly ykdysadyýet, innowasiýalar, oba hojalyk toplumy hem hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarydyr. Suw serişdelerini netijeli peýdalanmak meselesi ikitaraplaýyn, şeýle-de sebit gün tertibinde möhüm orny eýeleýär. Hormatly Prezidentimiz medeni-ynsanperwer ulgamyň türkmen-gazak gatnaşyklarynyň möhüm bölegidigini belläp, ylym, bilim, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek babatda-da giň mümkinçilikleriň bardygyna ünsi çekdi.

Sözüniň ahyrynda döwlet Baştutanymyz türkmen-gazak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga şahsy goşandy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine özara hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Dabaranyň dowamynda Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň durmuş-ykdysady kuwwatyny, halkara abraýyny, döwlet gurluşyny yzygiderli berkitmekde görnükli döwlet işgäri we parasatly ýolbaşçy hökmünde hormatly Prezidentimiziň aýratyn ornuny nygtady.

Prezident Kasym-Žomart Tokaýew iki ýurduň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi we strategik hyzmatdaşlygy ber-kitmekde döwlet Baştutanymyzyň şahsy goşandyny belläp, şu günki gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň gazak-türkmen gatnaşyklarynda täze sahypany açjakdygyna ynam bildirdi hem-de döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy — «Altyn Kyran» ordeni bilen sylaglady.

Hormatly Prezidentimiz Gazagystan Respublikasynyň iň ýokary sylagy bilen sylaglanylandygy üçin Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe we Gazagystanyň ähli doganlyk halkyna minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistanyň halkyna goýulýan ýokary hormatyň nyşany, halklarymyzy asyrlaryň dowamynda baglanyşdyryp gelýän berk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň subutnamasy hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Soňra Bilelikdäki Beýannama gol çekmek hem-de ikitaraplaýyn resminamalary alyşmak dabarasy boldy. Hemmeleriň el çarpyşmalary astynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.

Soňra ikitaraplaýyn resminamalar alşyldy. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda medeni-ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gazagystan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň arasynda pensiýa üpjünçiligi babatynda maglumat aragatnaşygy hakynda Ylalaşyk, Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Ýustisiýa ministrliginiň arasynda hukuk babatynda hyzmatdaşlyk barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň arasynda weterinariýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik instituty bilen Gazagystan Respublikasynyň Oba hojalyk ministrliginiň Milli agrar ylmy-okuw merkeziniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama, ulag babatda türkmen-gazagystan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmek boýunça 2026-2027-nji ýyllar üçin bilelikdäki iş meýilnamasy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrliginiň arasynda 2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça esasy çäreleriň meýilnamasy, Türkmenistanyň Balkan welaýat häkimligi bilen Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň akimatynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Gazagystan Respublikasynyň Milli ylymlar akademiýasynyň arasynda ylym babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Iş dolandyryş müdirliginiň «Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň Teleradiotoplumy» hojalyk dolandyryş hukukly respublikan döwlet kärhanasynyň arasynda maglumat babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyk bar.

Soňra iki ýurduň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Soňra hormatly Prezidentimiz metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow saparynyň çäklerinde «Alem.AI» halkara emeli aň merkezine baryp gördi.

«Alem.AI» emeli aň tehnologiýalaryny, bilimi we innowasiýalary ösdürmek maksady bilen döredilen halkara emeli aň merkezidir. Ol Astana şäherinde ýerleşip, Gazagystany ýokary tehnologiýalar ulgamynda öňdäki orunlara çykarmaga gönükdirilen strategik taslamalaryň biri bolup durýar. Täze tehnologik we ykdysady ösüşi goldamak, emeli aň ulgamynda ylmy barlaglary, startaplary, öňdebaryjy çözgütleri ornaşdyrmak üçin toplumlaýyn gurşawy döretmek, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, emeli aň çözgütleriniň eksportyny giňeltmek merkeziň esasy maksatlarydyr. Ol Gazagystanyň emeli aň tehnologiýalaryny jemgyýetiň bähbidi üçin jogapkärçilikli we giňişleýin ulanmaga ymtylýandygynyň nyşanyna öwrüldi.

...Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Watanymyza ugramak üçin Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline bardy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar ugratdylar.

Birnäçe wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.

***

Hormatly Prezidentimiziň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary Astanada Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýdular.

Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary gazak kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Olaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşyklaryň netijeleri boýunça Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty bilen «Gazak sport we syýahatçylyk akademiýasy» milli paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama, Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen «Halkara syýahatçylyk we myhmansöýerlik uniwersiteti» täjirçilik däl paýdarlar jemgyýetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet we maglumat ministrliginiň Medeniýet komitetiniň Gazagystan Respublikasynyň Milli muzeýiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama hem-de «Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy bilen «TNS-Plus» jogapkärçiligi çäklendirilen şereketiň arasynda Türkmenistan — Gazagystan Respublikasynyň serhet geçelgelerinde optiki-süýümli aragatnaşyk kabelini gurnamak we magistral torlary birikdirmek meýilleri hakynda Ähtnama gol çekildi.