Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we
ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir
maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen,
şeýle hem Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow iş
kesilenleriň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli günäsini geçmek hakynda
Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum
etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
***
Beýik ata-babalarymyzyň parahatçylyk söýüjilik we
hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine üýtgewsiz eýerip, ýagşylyk etmek,
rehimdarlyk, ynsanperwerlik baradaky taglymatlaryny goldanyp, ýurtlaryň hem-de
halklaryň arasyndaky dostlugy has-da pugtalandyrmaga çalşyp, şeýle hem Halkara
Bitaraplyk güni mynasybetli, Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň
çäklerinde iş kesilen daşary ýurt raýatlarynyň günäsini geçmek hakynda Permana
gol çekdi. Günäsi geçilen daşary ýurt raýatlary mundan beýläk jeza çäresini
çekmekden boşadyldy.