Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz endigine eýerip, wagtyny sport bilen meşgullanmaga bagyşlady hem-de täze ýaryş awtoulagynda türgenleşik geçip, onuň tebigy çöllük şertlerde tehniki häsiýetnamalaryny synagdan geçirdi. Synag mahalynda döwlet Baştutanymyz Garagum sährasynyň çylşyrymly şertlerinde uzak aralygy geçdi.
Milli Liderimiziň başlangyjy bilen guralýan “Amul-Hazar 2018” ýaryşlarynyň başlanmagyna az wagt galdy, ol ýurdumyzda awtomobil sportunyň ösdürilmegine güýçli ýardam berer. Döwlet Baştutanymyzyň bu iri halkara ýaryşyny Garagum sährasynda geçirmek baradaky teklibi dünýäniň köp ýurtlaryndan ussat awtosürüjiler, şol sanda meşhur ralli ýaryşlaryna gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma eýe boldy. Şu gün türkmen awtosürüjileri hem bäsleşiklere işjeň taýýarlyk görýärler, olar meşhur daşary ýurt türgenler bilen ýaryşlara gatnaşar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň fewral aýynda Lebap welaýatynda iş saparynda bolmagynyň barşynda “Amul-Hazar 2018” ugry boýunça köpçülikleýin welosipedli ýörişe we ylgaw ýaryşlaryna badalga berdi. Munuň özi bäsleşiklere taýýarlygyň başlanýandygyny alamatlandyrdy, taýýarlyk çäreleri gün-günden güýçlenip, ýurdumyzyň ähli sebitlerini öz gerimine aldy. Watanymyz eýýäm halkara ähmiýetli ýaryşlary geçirmekde gymmatly tejribä eýedir hem-de öňde boljak ralli Türkmenistanyň sport döwleti hökmünde abraýynyň belende galmagynda ýene bir möhüm ädim bolar.
Şu ýylyň maý aýynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen toparlarynyň arasynda “Amul-Hazar 2018” awtorallisiniň saýlama tapgyryna gatnaşyp, türgenlerimize ak pata berdi. Şol ýaryşlaryň jemleri boýunça milli ýygyndy toparymyz düzüldi, ol ýeňiji bolmak ugrunda bäsleşer.
Daşary ýurtly gatnaşyjylar hem-de ýaryşy beýan edýän žurnalistler, tomaşaçylar – şunuň ýaly gyzykly tomaşalary söýýänler Türkmenistanyň baý tebigaty, onuň ajaýyp künjekleri, medeni we taryhy mirasy bilen tanşyp bilerler. Gürrüňsiz suratda “Amul-Hazar 2018” köpsanly myhmanlarymyzyň uzak wagtlap ýadynda galar we parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hökmünde sportuň ornunyň pugtalandyrylmagyna ýurdumyzyň ýene bir uly goşandy bolar.
...Dynç güni säheriň ir çagynda hormatly Prezidentimiz täze sport awtomobilinde Garagum sährasynyň ajaýyp künjekleriniň birinde ilki bilen degişli taýýarlyk geçip, ýene-de bir synag tapgyryny amala aşyrdy.
Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, çöllük ýerde sürmek sürüjiden degişli tizligi saklamagy, daş töwerege we ýola bar ünsüňi jemlemegi talap edýär. Bu bolsa şeýle çylşyrymly şertlerde sürüşiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň baş şerti hasaplanylýar.
Ýurdumyzda öňde boljak ýaryşlar, milli Liderimiziň pikiri boýunça, eko-ralli ýaryşlary derejesine eýedir. Bu bäsleşikleriň “ýaşyl” derejesi tehnika we onuň ýangyjyna aýratyn talaplary bildirer, olar hem häzirkizaman ekologiýa kadalaryna laýyk gelmelidir. Tebigaty goramak, awtomobilleriň daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak meseleleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde saklanylýar hem-de Türkmenistanda amala aşyrylýan ähli senagat desgalarynyň gurluşygyna, şol sanda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döretmek we olary ulanmak bilen baglanyşykly taslamalara bildirilýän üýtgewsiz talaplardyr.
...Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dolandyrýan ýokary geçirijiligi bolan awtoulagy tizligi peseltmezden, belentlikleri hem-de inişler, köpsanly alaňlary we çöketlikleri yzda galdyryp tebigy päsgelçilikleri geçdi.
Garagum sährasynyň özboluşly, gazaply, käte bolsa öňden görüp bolmaýan häsiýetlere eýe bolan tebigaty bar. Çöllük ýerlerdäki her hili ýüze çykýan kynçylyklara ulagyň sürüjisi ýoluň ugrunda geçmesi kyn bolan ýerlerde päsgelçilikleri ýeňip geçmäge taýýar bolmalydyr. “Amul-Hazar 2018” rallisiniň başdan geçirijilikli ruhuny şertlendirýän ýoluň çylşyrymlylygy bu çärä daşary ýurtly awtomobil sürüjileriniň ünsüni özüne çekýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow sport ulagyny okgunly sürmegiň usullaryny ulanyp, onuň ähli kuwwatyny we öwrüm ukyplaryny synagdan geçirip, ulagyň hemme emel mümkinçiliklerini peýdalandy.
Döwlet Baştutanymyzyň göreldesi netijesinde, ýurdumyz ulag sporty babatda täze ösüşe, köpsanly yzyna eýerijilere hem-de döwrebap maddy-enjamlaýyn binýada eýe boldy. Munuň özi sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly, sportuň dürli görnüşleri, şol sanda awtomobil sporty bilen yzygiderli meşgullanýan hormatly Prezidentimiziň sportuň bu ugruny ösdürmek ugrunda yzygiderli tagalla edýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Döwlet Baştutanymyz köp adamlaryň bu işe ýürekden berlip, sport hereketi bilen gyzyklanmaklaryna şertleriň döredilmegi üçin ähli tagallalary edýär.
Döwlet Baştutanymyz taýýarlyk tapgyryny tamamlap, sport ulagyny bellenen ýerde saklady.
Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ösýän ösümlikleri, olaryň häsiýetli aýratynlyklaryny ylmy taýdan öwrenmegiň zerurdygyny belläp, olaryň görnüşlerini gorap saklamagyň çölüň ekologiýasyny goramagy şertlendirýändigini aýtdy. Olaryň hatarynda köpsanly dermanlyk ösümlikleriň görnüşleri bar. Ol ösümlikleriň aýratynlyklary döwlet Baştutanymyz, ýurdumyzyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory, professor Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde beýan edildi.
Soňky ýyllarda Türkmenistan sportuň dürli görnüşleri boýunça halkara ýaryşlarynyň geçirilýän merkezine öwrüldi. Medeni-taryhy gymmatlyklara baý bolan ýurdumyz Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, munuň üçin ähli zerur şertlere we mümkinçiliklere eýedir.
“Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisini guramak boýunça döwlet derejesinde alada edilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylygyň we dostlugyň ilçisi hökmünde halklaryň ýakynlaşmagyna, parahatçylygyň we ählumumy abadançylygyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen sport diplomatiýasy ulgamynda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.