milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
3 gün öň 86 Habarlar

Şu gün Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşdy.

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy köptaraplaýyn dialog üçin netijeli meýdança bolup, agza döwletleriň arasynda tejribe alyşmak, tagallalary birleşdirmek we häzirki döwrüň derwaýys meselelerini bilelikde çözmek üçin köpri bolup hyzmat edýär. GDA diňe bir ykdysady birleşik bolman, eýsem, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk üçin hem giňişlikdir. Agza ýurtlar söwda amallaryny ýeňilleşdirmek, infrastrukturany ösdürmek, tehnologiýalary alyşmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Türkmenistan deňhukuklylyk we özara hormat goýmak ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, GDA-nyň assosirlenen agzasy hökmünde bu prosesde aýratyn orny eýeleýär. Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi sebitde ynanyşmagy, durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam berýär. Şeýlelikde, Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy diňe bir ykdysady ösüşe goşant goşmak bilen çäklenmän, eýsem, has durnukly we abadan giňişligi döretmäge-de şert döredýär.

Şu gezekki mejlisiň gün tertibi hem GDA-nyň giňişliginde integrasiýanyň ähli ugurlaryna degişli möhüm meseleleri öz içine alýar. Şolar boýunça degişli çözgütleriň kabul edilmegi özara gatnaşyklaryň gurallaryny kämilleşdirmäge ýardam berer.

...Hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilýän ýerine — «Kasri Millat» köşgüne bardy. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Sammite gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan soňra, GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi.

Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen duşuşyga Azerbaýjan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Baş sekretary gatnaşdylar. Prezident Emomali Rahmon sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Arkalaşygyň giňişliginde özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, dürli ulgamlar boýunça gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak babatda şu günki ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetini nygtady. Soňra mejlise gatnaşyjylara söz berildi.

Hormatly Prezidentimiz, ilki bilen, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň özüni özara hormat goýmak we deňhukukly hyzmatdaşlyk formaty hökmünde görkezýändigini, Arkalaşyga gatnaşyjy ýurtlaryň arasynda daşary syýasy, ykdysady, söwda, ynsanperwer hem-de beýleki ugurlar boýunça netijeli dialogyň alnyp barylýandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmenistanyň taryhy wakany — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyny belleýändigini aýdyp, GDA ýurtlarynyň döwletimiziň Bitaraplygynyň halkara derejede ykrar edilmeginiň gözbaşynda durandyklaryny, BMG-de, beýleki halkara guramalarda we forumlarda muňa işjeň ýardam berendiklerini nygtady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Arkalaşygyň döwlet Baştutanlaryny şanly senä bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek dabaralara, halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmaga çagyrdy. Siziň bu ähmiýetli çärelere gatnaşmagyňyz olary üstünlikli geçirmäge möhüm goşant goşar hem-de Türkmenistanyň halkynyň ýokary bahasyna mynasyp bolar diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona şu ýyl ýurdunyň GDA-da netijeli başlyklyk edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Nikolaýewiç Lebedewe Arkalaşygyň edaralarynyň işini netijeli utgaşdyrýandygy we şu gezekki sammiti geçirmäge uly goşandy üçin minnetdarlyk sözleri beýan edildi.

Soňra 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigi hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň 9-njy oktýabrynda ýurdumyzda geçirmek baradaky çözgütler yglan edildi.

Soňra ýokary derejedäki duşuşyk öz işini giňişleýin düzümde dowam etdi. Täjigistanyň Prezidenti geljek ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmegiň Türkmenistana geçýändigini aýdyp, ilki bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa söz berdi.

Döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda GDA-da Türkmenistanyň başlyklyk etmegi baradaky kabul edilen çözgüt üçin minnetdarlyk bildirip, munuň ähli agza döwletler tarapyndan Türkmenistana bildirilen hormatyň we ynamyň nyşany, ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ösüşine goşýan goşandynyň ykrarnamasy hökmünde kabul edilýändigini aýtdy. «Biz bilelikde çözmeli wezipelerimiziň gerimine doly derejede düşünmek bilen, Arkalaşykda başlyklyk wezipesine jogapkärçilikli çemeleşeris. Ýakyn wagtda Türkmenistanyň GDA-daky başlyklygynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylar. Onda, biziň pikirimizçe, häzirki wagtda has derwaýys zerurlyklar nazara alnyp, döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň çemeleşmeleri beýan ediler. Resminama diplomatik ýollar arkaly Arkalaşygyň ýurtlaryna öz wagtynda iberiler. Türkmenistanyň bu möhüm wezipä girişmeginiň öňüsyrasynda GDA-nyň mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmek, Arkalaşygyň döwletlerini netijeli ösdürmek, ýurtlarymyzyň halklarynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin agza döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam bermegi başlyklyk döwründe öz baş maksadymyz hasaplaýandygymyzy aýtmak isleýärin» diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Arkalaşygyň binýadyna goýlan ýörelgelerdir maksatlara eýermegiň Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk ediji döwlet hökmünde alyp barjak işiniň möhüm häsiýetnamasy boljakdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň mundan beýläk-de oňa agza ýurtlaryň hoşmeýilli erkine, deňhukuklylyga we özara hormat goýmaga, her bir ýurduň milli bähbitlerine esaslanýan hyzmatdaşlygynyň möhüm guraly bolup hyzmat etjekdigine berk ynam bildirip, hut şu ýagdaýyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny we gözýetimlerini açmaga ýardam berýändigini, halkara durnuklylygyň, howpsuzlygyň şertleriniň biri hökmünde Arkalaşygyň durmuşa ukyplylygyny üpjün edýändigini belledi hem-de kabul edilen çözgüt we bildirilen ynam üçin ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdi.

Prezident Emomali Rahmon çykyşy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, başlyklyk döwründe Türkmenistana üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem sammitiň çäklerinde Arkalaşygyň şu ýylyň dowamynda alyp baran işleriniň netijeleri seljerildi, geljek ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler anyklaşdyryldy, halkara we sebit durmuşynyň derwaýys meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy. Sammitiň jemleri boýunça birnäçe resminamalar kabul edildi.

Täjigistan Respublikasyna iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäheriniň Halkara howa menziline bardy we şol ýerden Watanymyza ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli garşyladylar.