Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda
halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp
bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary
gowşurdy. Bu dabara dünýäde ata Watanymyzyň abraýyny belende galdyrýan
raýatlarymyzyň ýokary döwlet derejesinde sarpalanýandygynyň nobatdaky aýdyň
güwäsine öwrüldi.
Ajaýyp waka mynasybetli guralan dabara Türkmenistanyň
Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we
hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, Türkmenistanyň
daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň,
halkara guramalaryň ýanyndaky hemişelik wekilhanalarynyň, daşary ýurtlaryň we
halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary
hem-de wekilleri, deputatlar, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw
mekdepleriniň rektorlary, sportuň görnüşleri boýunça milli federasiýalaryň
ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, halkara ders
bäsleşiklerinde we sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlar,
olaryň halypa mugallymlary we tälimçileri, ata-eneleri, talyplar gatnaşdylar.
...Irden hormatly Prezidentimiziň awtoulagy Olimpiýa
şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynyň esasy girelgesiniň öňüne
gelip durdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzy Mejlisiň Başlygy, Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň
ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi garşylaýarlar.
Döwlet Baştutanymyz sport toplumynyň binasynyň içine
girýär we onuň foýesinde ýaýbaňlandyrylan sergini synlaýar. Bu ýerde abraýly
halkara ýaryşlarda gazanylan dürli derejedäki baýraklar, şekillendiriş we
amaly-haşam sungatynyň eserleri, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynda türgenler üçin
öndürilýän sport egin-eşikleri görkezildi. Watanymyzyň sportda gazanan
üstünliklerini aýdyň şöhlelendirýän gymmatlyklar olary gazanan türgenleriň
taýýarlyk derejesine baha bermäge mümkinçilik döredýär. Dürli derejeli
baýraklar, şol sanda medallar, kuboklar, Hormat hatlary we beýlekiler milli
ýygyndy toparlarymyzyň türgenleriniň halkara hem-de sebit derejesindäki
ýaryşlara gatnaşyp, olarda Türkmenistana mynasyp wekilçilik edýändiklerini
tassyklaýar. Bularyň ählisi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan işleriniň
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirmegi netijesinde uly üstünlikleriň
gazanylýandygyna şaýatlyk edýär.
Bu ýerdäki monitorlarda türgenleriň halkara ýaryşlardaky
çykyşlaryndan pursatlar, ýurdumyzda bedenterbiýe-sport hereketini, sagdyn
durmuş ýörelgelerini ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler görkezilýär.
Umuman, bu sergi bedenterbiýe-sagaldyş hereketine, ýokary netijeli sporta
döwlet tarapyndan goldaw berilmegi bilen, Watanymyzyň sport abraýyny
pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan zehinli ýaşlaryň täze nesliniň kemala
gelýändigini äşgär edýär.
Soňra Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda esasy
dabara başlanýar. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy dowamly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar. Arkadagly Gahryman
Serdarymyz özi üçin ýörite niýetlenen ýere geçýär.
Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Dabara
gatnaşyjylaryň agzybirlikde Döwlet senasyny ýerine ýetirmekleri bilen, Döwlet
baýdagy galdyrylýar. Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketiniň
toplumlaýyn esasda ösdürilýändigi we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň barha
ýaýbaňlandyrylýandygy, ýaşlaryň zehinini açmak ugrunda uly tagallalaryň
edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri
beýan edilýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz medeniýet we sungat
ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna, türgenleriň sportuň görnüşleri boýunça
görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi. Artistler we döredijilik toparlary
çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň ylymly-bilimli bolup
ýetişmekleri, halkymyzyň saglygyny goramak, ýurdumyzyň sport mümkinçiliklerini
durmuşa geçirmek baradaky tagallalaryny, sporty ösdürmek boýunça gazanylýan
üstünlikleri wasp etdiler.
Soňra çykyş etmek üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly
hormat bilen söz berildi. Hormatly Prezidentimiz Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda ýaşlar üçin ähli şertleriň
döredilýändigini, olaryň öz zehini, ukyp-başarnyklary bilen ýurdumyzyň abraýyna
abraý goşýandyklaryny, tejribeli mugallymlaryň we ussat tälimçileriň bolsa ýaş
nesilleriň dürli ugurlarda üstünlikleri gazanmaklary üçin netijeli işleri alyp
barýandyklaryny nygtady. Döwlet Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda bagtyýar ýaşlarymyzy dünýä derejesindäki
olimpiadalarda we sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara
mynasyp bolmaklary bilen tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
esasynda ýurdumyzda ylym-bilim ulgamynyň düýpli kämilleşdirilendigini, mekdep
okuwçylarynyň, talyplaryň dürli dersler boýunça geçirilýän olimpiadalarda gowy
netijeleri gazanýandyklaryny belledi. Munuň özi bilim ulgamynda durmuşa
geçirýän özgertmelerimiziň aýdyň netijeleri bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, ýurdumyzda
sporty ösdürmek, ussat tälimçileri we türgenleri taýýarlamak boýunça
maksatnamalaýyn işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde türgenlerimiz
dünýä derejesindäki ýaryşlarda baýrakly orunlara mynasyp bolup, uly
üstünlikleri gazanýarlar. Döwlet Baştutanymyz türgenleriň geljekde-de eziz
Watanymyzyň baýdagyny al-asmanda parladyp, Türkmenistanyň abraýyny belende
galdyrjakdygyna berk ynam bildirdi. «Biz geljekde hem ylym-bilim, sport
ulgamlaryny ösdürmek, zehinli ýaşlarymyza, ussat türgenlerimize goldaw-hemaýat
bermek boýunça alyp barýan işlerimizi dowam etdireris» diýip, Arkadagly
Gahryman Serdarymyz belledi we Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň
bagtyýar ýaşlaryna ýüzlenip, olary halkara olimpiadalarda we sport ýaryşlarynda
gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çykyşy
dowamly el çarpyşmalar bilen garşylanyldy. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň
dünýä derejeli ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlary we
olaryň mugallymlaryny sylaglamak hakynda gol çeken Buýrugy okaldy.
Hormatly Prezidentimiz halkara ders bäsleşiklerinde
baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep okuwçylaryna we talyplara, olaryň halypa
mugallymlaryna, dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara
mynasyp bolan türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine gymmat bahaly sowgatlary
gowşurýar.
2025-nji ýylyň dowamynda abraýly halkara ders
bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan mekdep
okuwçylaryny döwlet derejesinde sylaglamaga hödürlemegiň sanawy düzülende,
olaryň gatnaşan bäsleşikleriniň hereket edýän reýtinglerdäki derejesinden we
ähmiýetinden, şonuň ýaly-da, olara gatnaşan ýurtlaryň sanyndan ugur alyndy.
Meselem, Halkara matematika olimpiadasy orta mekdepleriň
okuwçylary üçin matematika dersi boýunça bäsleşik bolup, ol halkara bilim
olimpiadalarynyň iň irkileriniň biridir. Ol dünýäniň iň abraýly matematika
bäsleşigi hökmünde bellidir. 2025-nji ýylyň iýulynda Awstraliýanyň Sanşaýn-Kost
şäherinde 66-njy Halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Oňa jemi 110
döwletden 630 okuwçy, Türkmenistandan hem zehinli okuwçylaryň 6-sy gatnaşdy.
Olimpiadanyň jemleri boýunça ýurdumyzyň mekdep okuwçysy kümüş medal gazandy.
Halkara himiýa olimpiadasy orta mekdepleriň okuwçylary
üçin geçirilýän iň ýokary derejeli halkara himiýa bäsleşigidir. Ol dürli
ýurtlaryň zehinli okuwçylarynyň himiýa boýunça nazary we amaly bilimine baha
berilýän iň abraýly bäsleşikleriň biri hasaplanýar. Şu ýylyň iýulynda Birleşen
Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde 57-nji Halkara himiýa olimpiadasy
geçirildi. Oňa jemi 90 döwletden 354 okuwçy, ýurdumyzdan hem zehinli
okuwçylaryň 4-si gatnaşdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça türkmenistanly
okuwçylar 2 kümüş we 1 bürünç medal gazanmagy başardylar. Dünýäniň iň abraýly
bilim olimpiadalarynyň biri-de Halkara fizika olimpiadasy bolup, ol orta
mekdepleriň okuwçylary üçin niýetlenen halkara derejeli bäsleşikdir. 2025-nji
ýylyň iýulynda Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilen 55-nji
Halkara fizika olimpiadasyna 94 döwletden 415 okuwçy, ýurdumyzdan hem 5 okuwçy
gatnaşdy. Zehinli ýaşlarymyz bu ýerde 2 kümüş we 1 bürünç medala mynasyp
boldular.
2025-nji ýylyň dowamynda abraýly halkara ders
bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, baýrakly orunlara mynasyp bolan
ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny döwlet derejesinde sylaglamaga
hödürlemegiň sanawy düzülende, olaryň hem gatnaşan bäsleşikleriniň hereket
edýän reýtinglerdäki derejesinden we ähmiýetinden, şonuň ýaly-da, bäsleşiklere
gatnaşan ýurtlaryň sanyndan ugur alyndy.
Mysal üçin, I dereje üçin saýlanyp alnan bäsleşik ýokary
okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 32-nji Halkara matematika
bäsleşigi boldy. Ol talyplaryň arasynda halkara derejede geçirilýän iň abraýly
matematika bäsleşikleriniň biri hasaplanýar. Bu bäsleşik 2017-nji ýyldan bäri
ýöredilýän Moskwanyň «Uniwersitetiň üç wezipesi» atly abraýly halkara
uniwersitetler reýtinginiň sanawynda hasaba alnandyr. Şu ýylyň awgustynda
Bolgariýa Respublikasynyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen 32-nji Halkara
matematika bäsleşigine dünýäniň 52 ýurdundan talyplaryň 434-si gatnaşdy. Onda
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer
ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň we Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplaryndan
düzülen topar (jemi 7 talyp) üstünlikli çykyş edip, talyplar 2 altyn, 2 kümüş,
3 bürünç medala mynasyp boldular.
II dereje üçin saýlanyp alnan bäsleşik maliýe howpsuzlygy
boýunça halkara olimpiadadyr. Şu ýylyň 28-nji sentýabry — 3-nji oktýabry
aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Krasnoýarsk şäherinde guralan maliýe
howpsuzlygy boýunça V halkara olimpiada 40 ýurtdan 600-e golaý talyp gatnaşdy.
Onuň jemleýji tapgyryna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden saýlanyp alnan
talyplaryň 10-sy gatnaşyp, şolardan ykdysadyýet ugry boýunça Halkara
ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby 1-nji orna we kuboga,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmenistanyň Daşary
işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Aba Annaýew adyndaky
Halkara atçylyk akademiýasynyň talyplary 2-nji orna mynasyp boldular.
Bäsleşikde maglumat howpsuzlygy, halkara gatnaşyklar ugurlary boýunça bolsa
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary ikinji orny
eýelemegi başardylar.
III dereje üçin saýlanyp alnan bäsleşikleriň hatarynda
ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen nazary mehanika dersi
boýunça halkara olimpiadany görkezmek bolar. 2025-nji ýylyň aprelinde Belarus
Respublikasynyň Gomel şäherinde geçirilen ХIХ halkara olimpiada dünýä
ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň 31-sinden 110-a golaý talyp gatnaşdy. Bu
ders bäsleşigine Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplar topary
(jemi 3 talyp) gatnaşyp, şolardan institutyň 2-nji ýyl talyby üçünji orna
mynasyp boldy.
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti
tarapyndan geçirilýän himiýa dersi boýunça halkara olimpiada ýurdumyzda guralýan
halkara olimpiadalaryň iň irileriniň biridir. Bu olimpiada ýyl-ýyldan uly
abraýa eýe bolup, gerimi barha giňeýär. 2025-nji ýylyň oktýabrynda agzalan
uniwersitetiň guramagynda himiýa dersi boýunça dördünji gezek geçirilen halkara
olimpiada dünýäniň 12 ýurdunyň 50 sany ýokary okuw mekdebinden 250-ä golaý
talyp gatnaşdy. Bu bäsleşige ýurdumyzdan gatnaşan talyplaryň 150-siniň arasynda
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň 2-si altyn
medala mynasyp boldy.
Dabarada Arkadagly Gahryman Serdarymyz dünýä derejeli
olimpiadalarda üçünji orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan okuwçylary 40 müň
manat, ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan okuwçylaryň her birini 70
müň manat möçberde pul baýragy bilen sylaglady. Şeýle-de hormatly Prezidentimiz
olimpiadalarda üçünji orna hem-de bürünç medala mynasyp bolan talyplara 40 müň,
ikinji orna hem-de kümüş medala mynasyp bolan talyplara-da 70 müň manat
möçberde pul baýragyny gowşurdy.
Döwlet Baştutanymyz dünýä derejeli olimpiadalarda birinji
orna hem-de altyn medala mynasyp bolan talyplaryň her birini 100 müň manat
möçberdäki pul baýragy bilen sylaglady. Iň ýokary sylaga mynasyp bolan talyplar
gymmatly pul baýraklaryny ýüzlerine sylyp kabul etdiler. Hormatly Prezidentimiz
dünýä derejeli olimpiadalarda ýokary netijeleri gazanan okuwçylary we talyplary
taýýarlan mugallymlaryň her birini 100 müň manat möçberde pul baýragy bilen
serpaýlady.
Bu sylaglar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýaşlaryň dünýä derejesindäki ders bäsleşiklerinde we olimpiadalarda
Garaşsyz Watanymyza wekilçilik edip, ýurdumyzyň bilim ulgamynda ýeten ýokary
sepgitlerini dünýä ýaýmakda gazanan uly üstünlikleri üçin hem-de olaryň halypa
mugallymlarynyň bu ugurda bitiren hyzmatlary nazara alnyp berildi. Sylaglara
mynasyp bolan zehinli mekdep okuwçylary, talyplardyr olaryň mugallymlary
dabaranyň dowamynda çykyş edip, özlerini ýokary derejede sylaglandygy üçin
Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdiler. Olar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününiň
bilim ulgamynda hem döredijilik üstünliklerine, şanly wakalara beslenip,
ýurdumyzyň täze taryhyna ajaýyp sahypalaryň ýazylýandygyny nygtadylar. Olar şeýle
üstünlikleriň sakasynda duran hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan
edip, geljekde-de Watanymyzyň dünýädäki abraýyny belende götermek ugrunda ähli
ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň dünýä derejesindäki
sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenleri hem-de olaryň
tälimçilerini sylaglamak hakynda Buýrugy okaldy. Hormatly Prezidentimiz
baýrakly orunlara mynasyp bolan türgenlere hem-de olaryň tälimçilerine gymmat
bahaly sowgatlary gowşurýar.
Hormatly Prezidentimiz çärä gatnaşyjylaryň şowhunly el
çarpyşmalary astynda abraýly halkara ýaryşlarda, dünýä çempionatlarynda çykyş
edip, baýrakly üçünji orna we bürünç medala mynasyp bolan türgenleriň her
birine 40 müň manat möçberde pul baýragyny gowşurdy. Şeýle hem döwlet
Baştutanymyz ikinji orny eýeläp, kümüş medala mynasyp bolan türgenleri 70 müň
manat möçberde pul baýragy bilen sylaglady. Hormatly Prezidentimiz ýaryşlarda
kümüş hem-de bürünç medallara mynasyp bolan türgenleri taýýarlan tälimçileriň
her birine 70 müň manat möçberde pul baýragyny gowşurdy. Olar Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň elinden pul sylaglaryny ýüzlerine sylyp kabul etdiler.
Soňra döwlet Baştutanymyz dünýä derejeli ýaryşlarda altyn
medala mynasyp bolan türgenleri sylaglady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz olaryň
her birine 2025-nji ýylda goýberilen, ak reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly
ýeňil awtoulagyň açaryny gowşurdy. Bu türgenler abraýly halkara ýaryşlarda
hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykyp, ýurdumyzyň ýaşyl tuguny belende
galdyrmagy başardylar. Hormatly Prezidentimiz halkara ýaryşlarda altyn medala
mynasyp bolan türgenleri taýýarlan tälimçilere-de 2025-nji ýylda goýberilen, ak
reňkli «Toyota Camry HEV 2.5L» kysymly ýeňil awtoulagyň açaryny gowşurdy.
Bu ýokary sylaglar türgenleriň we ussat tälimçileriň
dünýä derejesindäki sport ýaryşlarynda Türkmenistana wekilçilik edip,
ýurdumyzyň sport abraýyny belende göterendikleri, ýaşlaryň sporta bolan
höwesini artdyrmaga goşant goşandyklary, olaryň tälimçileriniň bu ugurda
bitiren hyzmatlary nazara alnyp berildi.
Sylaglanan türgenler we olaryň tälimçileri öz zähmetine
berlen ýokary baha üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs
ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzyň ýygyndy
toparlarynyň agzalarynyň gazanýan üstünlikleriniň hormatly Prezidentimiziň
bedenterbiýe hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmäge berýän ägirt uly
ünsüniň, Gahryman Arkadagymyzyň gurduryp beren sport toplumlarynda, hususan-da,
sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň desgalarynda geçirilen
türgenleşikleriň miwesidigini aýratyn bellediler.
Dabara tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz gymmat
bahaly sowgatlar bilen sylaglanan ýaşlar we olaryň halypa mugallymlary,
türgenler hem-de tälimçiler bilen ýadygärlik surata düşdi. Döwlet Baştutanymyz
özi üçin ýörite niýetlenen ýere geçenden soňra, dabara gatnaşyjylar Gahryman
Arkadagymyzyň «Öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!» atly aýdymyny uly
şatlyk-şowhun bilen ýerine ýetirdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiz sport ussatlaryny olaryň
gazanan üstünlikleri bilen gutlady hem-de olara sport äleminde mundan beýläk-de
uly ýeňişleriň ýaran bolmagyny arzuw etdi. Täze awtoulaglaryň açaryny alan
türgenlerimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredýän şertlerinden netijeli
peýdalanyp, geljekde-de ähli yhlaslaryny, başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna
ynandyrdylar. Bu pursatlara şaýat bolan ata-eneler hem ýürek buýsanjyny
tolgunma bilen beýan etdiler.
Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň dünýädäki abraýy
barha belende galsyn!
Şu gün Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde ajaýyp waka
mynasybetli toý sadakasy berlip, onda bilim we sport ulgamynda halkara dereje
gazanylýan üstünlikleriň dowamat-dowam bolmagy, Watanymyzyň abadançylygy,
halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegi barada ýagşy
dilegler edildi.