milli goshun logo
Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň üçünji gününiň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryşyň üçünji gününiň netijeleri
17.04.2024 172 Sport

Şu gün – 17-nji aprelde hokkeý boýunça halkara ýaryşyň 3-nji tapgyry meýilleşdirilen oýunlaryny tamamlady. Toparlar bellenilen wagtda garşydaş hokkeýçiler bilen oýun meýdançasyna çykyp, sport janköýerleriniň gyzgyn goldawyna mynasyp boldular. Ýaryşyň 1-nji, 2-nji, 3-nji döwlerinde hokkeý oýnunyň düzgünlerini doly we dogry berjaý edip, garşydaşyň derwezesinden şaýbalaryň ençemesini geçirdiler. Şeýdibem, hokkeý boýunça halkara ýaryşyň 3-nji gününi üstünlikler bilen jemlediler.

 

«A» toparça

«Galkan» (Türkmenistan) – «Ice Box Iran Mall» (Eýran) – 13:1

«Feniks» (Özbegistan Respublikasy) – «Bahrain Ice Hockey Club» (Bahreýn) – 13:3

 

«B» toparça

«Wolat» (Belarus) – «Akmola» (Gazagystan) – 6:4

«Adihis-Kazan» (Tatarystan, Russiýa) – «Team-Turkiye» (Türkiýe) – 5:1