17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk
Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň
etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk sport
toplumyna baryp, bu ýerde alnyp barylýan işler, seýisleriň, çapyksuwarlaryň
zähmet we dynç alyş şertleri bilen tanyşdy.
Hormatly Arkadagymyz tejribeli seýis D.Saparow bilen
söhbetdeş bolup, seýisçiligiň häzirki zaman usullary we seýsiň maşgala ýagdaýy
bilen gyzyklandy.
Soňra hormatly Arkadagymyz Garaşsyzlyk atly gyr bedewe
atlanyp, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy bilen ugurdaş gurlan binalar
toplumyny we bu künjekden has-da gözel görünýän Ahal welaýatynyň täze, döwrebap
edara ediş merkezini synlady.
Soňra Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň 10 müň
orunlyk stadionyna bardy we bu ýerde gurulýan desgalaryň taslamalary, olaryň
ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary hem-de gurluşykda ulanylýan serişdeleriň hili
bilen tanyşdy.