Düýn – 11-nji iýunda
paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan
Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy.
Gahryman Arkadagymyz
Prezident Ýun Sok Ýoly Aşgabatda ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, şu
gezekki saparyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda möhüm wakadygyny belledi.
Türkmenistan Koreýa Respublikasyna dost we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar
hem-de bu ýurt bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi maksat
edinýär. Hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatynyň doly derejede durmuşa
geçirilmegi umumy bähbitlere laýyk gelýär.
Soňra duşuşyk iki ýurduň
wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda iş maslahaty görnüşinde dowam etdi. Onda
döwletara gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugry bolup durýan söwda-ykdysady ulgamda
hyzmatdaşlyk meseleleri gyzyklanma bildirilip, ara alnyp maslahatlaşyldy.