Düýn – 11-nji iýunda Aşgabatda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň hem-de Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýoluň
gatnaşmagynda Türkmen-koreý işewürlik maslahaty geçirildi. Gahryman Arkadagymyz
öz çykyşynda: «Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky
ikitaraplaýyn gatnaşyklar özboluşly häsiýete eýe bolup, birnäçe netijeli
düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlyk edilýär» diýip, bu maslahatyň uly ähmiýete
eýe bolup durýandygyny belledi.
Yzygiderli esasda geçirilýän şeýle
işewürlik duşuşyklary netijeli gatnaşyklary giňeltmek we
diwersifikasiýalaşdyrmak, hyzmatdaşlygyň bar bolan köpugurly kuwwatyny durmuşa
geçirmegiň mehanizmlerini işläp taýýarlamak, maýa goýum işjeňligini höweslendirmek
üçin açyk meýdança bolup hyzmat edýär. Şunda hökümetara türkmen-koreý toparynyň
hem-de «Türkmenistan – Koreýa Respublikasy» işewürlik geňeşiniň alyp barýan
işlerine hem möhüm orun degişlidir.