Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Nicklaus Сompanies»
kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan sport
we syýahatçylyk ulgamlaryna durnukly ösüşiň strategik ugurlary hökmünde
garaýar. Ýurdumyz halkara hil standartlaryna, ekologik meselelere, innowasion
çözgütleriň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns bermek bilen, döwrebap sport we
syýahatçylyk infrastrukturasyny işjeň ösdürmegini dowam etdirýär. Şunuň bilen
baglylykda, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň «Nicklaus Сompanies»
kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda oňyn tejribe toplandygyny aýdyp, Aşgabat
şäherinde gurlan we halkara standartlara laýyk gelýän, paýtagtymyzyň
ýaşaýjylarynyň, myhmanlarynyň arasynda meşhur bolan döwrebap golf klubunyň
taslamasyny munuň aýdyň mysaly hökmünde görkezdi. Bu taslama Türkmenistanda
golf sportuny ösdürmekde möhüm ädim boldy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri sport infrastrukturasyny
ösdürmekde Türkmenistan bilen «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň arasynda
özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, kompaniýanyň
golf meýdançalarynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça alyp barýan işleriniň
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda öz beýanyny tapjakdygyna hem-de ony
ösdürmekde wajyp ähmiýete eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Munuň özi Awazany
ýurdumyzyň öňdebaryjy dynç alyş we sport merkezine öwürmekde nobatdaky ädim
bolar.
Işewür Türkmenistanda sport ulgamyny, hususan-da, golf
sportuny ösdürmäge uly üns berilýändigini aýdyp, ýolbaşçylyk edýän
kompaniýasynyň bu ugurda hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge hemişe taýýardygyny
tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we «Nicklaus
Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Riz birek-birege iň gowy arzuwlaryny
beýan etdiler.