milli goshun logo
Gahryman Arkadagymyz köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
Gahryman Arkadagymyz köpçülikleýin bag ekmek dabarasyna gatnaşdy
1 gün öň 38 Habarlar

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan binýat bolan Arkadag şäherinde hem ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda geçirilen umumymilli çäre halal zähmetiň joşguny we belent ruha beslenen aýdym-sazly dabaralar bilen utgaşykly dowam etdi.

...Ir bilen Gahryman Arkadagymyz «akylly» şäheriň çäklerinde ählihalk bag ekmek dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Bu ýerde Milli Liderimiz mähirli garşylanyldy. Täze şäheriň çäklerinde baýramçylyga mahsus ýagdaý emele geldi. Sogap işe gatnaşýanlaryň ruhubelentligi, medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.

Bu ýerde aýdymçylar bilen «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň gatnaşmagynda edebi-sazly kompozisiýa ýaýbaňlandyryldy.

Gahryman Arkadagymyz sungat ussatlary bilen söhbetdeş bolup, olara milli sungatymyza, halkymyzyň döreden gymmatlyklaryna, bedewlerimize, alabaýlarymyza, halylarymyza, belent daglarymyza, gözel tebigatymyza buýsanyp, olary öz eserlerinde wasp etmek barada maslahatlaryny berdi. Häzirki döwürde milli medeniýetimizi has-da baýlaşdyrmak, täze sungat eserlerini döretmek ugrunda ähli zerur şertleriň döredilýändigini belläp, Milli Liderimiz ýurdumyzyň sungat ussatlaryna hemmetaraplaýyn goldaw-hemaýat bermäge hemişe taýýardygyny aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen türkmen halkynyň milli aýdym-saz sungatynyň has-da ösdürilmegi, onuň dünýä çykmagy, bu ugurda halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi babatda giň mümkinçilikleriň döredilýändigini nygtady. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy aýdym-sazly çykyşlar bilen at üstünde sazlaşykly hereket eden oglanlara çuňňur hormatyň nyşany hökmünde «Türkmenistan» ýazgyly, bedewleriň şekili ýerleşdirilen, sünnälenip taýýarlanan boýun lybasyny (şarf) gowşurdy.

Sungat ussatlary, öz gezeginde, milli medeniýetimizi ösdürmek babatda döredilýän şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan edip, şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, türkmen sungatyny dünýä çykarmak, täze eserleri döredip, toý-baýramlaryň şatlygyny artdyrmak ugrunda mundan beýläk-de ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Milli Liderimiz ýurdumyzda şanly seneleriň hormatyna guralýan medeni-köpçülikleýin çäreleriň dabarasyny belende götermekde, halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda medeniýet we sungat işgärlerine möhüm ornuň degişlidigini belläp, olara mundan beýläk-de döredijilik üstünliklerini arzuw etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäginde ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga bermek üçin niýetlenen ýere geldi. Taryhy ähmiýetli waka gatnaşýan oglanjyk ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen türkmen halkynyň Milli Liderinden ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga bermegini haýyş etdi. Şeýle hem ol hormatly Arkadagymyzdan özi bilen ýadygärlik surata düşmegini haýyş etdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy oglanjygyň haýyşyny kanagatlandyryp, onuň bilen ýadygärlik surata düşdi.

Soňra Milli Liderimiz Arkadag şäheriniň çäginde nobatdaky möwsümiň ilkinji bag nahalyny ekip, ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berdi.

Çärä gatnaşyjylar hem Gahryman Arkadagymyzyň göreldesinden ruhlanyp, uly höwes bilen bag nahallaryny ekmäge girişdiler.

Gahryman Arkadagymyz ählihalk bag ekmek dabarasynyň dowam edýän pursatlarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti O.Atabaýewa bilen gürrüňdeş bolup, ýurdumyzda kömege mätäç çagalara mundan beýläk-de yzygiderli goldaw bermek babatda maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz döwletli işe dahylly bolýan, saglygyny dikeldip, bu gün bagtyýar durmuşyň hözirini görýän çagalara buýsanýandygyny aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda ýaýbaňlandyrylan işleriň depginini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berip, şunda gurluşyk işleriniň ýokary hil derejesinde alnyp barylmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. Arkadag şäherinde ekologik ýagdaýyň ýokary derejede saklanmagy, ekilen baglara talabalaýyk idegiň ýola goýulmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideri bu babatda degişli ýolbaşçylara maslahatlaryny berdi.

Gahryman Arkadagymyz ýakymly güýz gününde ählihalk bag ekmek dabarasyny talabalaýyk alyp barmakda we bu ugurda ýaýbaňlandyrylan ähli işlerde hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.