Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşdy.
Kaha Imnadze wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden
hoşallyk bildirip, Gahryman Arkadagymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu
Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistanyň ählumumy
parahatçylygy we sebitde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen
başlangyçlaryna BMG-de ýokary baha berilýändigini aýtdy. Şeýle hem ol türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni
alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi tarapyndan alnyp barylýan işleri
ilerletmekde döwletimiziň uly goşandyny belledi.
Gahryman Arkadagymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk
bildirip, BMG-niň Baş sekretaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de Halkara
Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen
duşuşýandygyna örän şatdygyny aýtdy.
Kaha Imnadze şeýle giň gerimli forumyň geçirilmeginiň
Türkmenistanyň parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine öňe sürýän döredijilikli
başlangyçlarynyň yzygiderli goldawa eýe bolýandygynyň ýene bir aýdyň
mysalydygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen
Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk strategik we uzak
möhletleýin häsiýete eýedir. Ýurdumyz BMG-niň ählumumy meseleleri we häzirki
zaman wehimlerini çözmekdäki esasy ornuny yzygiderli goldaýar.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň parahatçylygy
goldamak, öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak,
energetika howpsuzlygyny üpjün etmek, üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek,
daşky gurşawy goramak boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürýändigini aýtdy
hem-de olaryň halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýandygyny
kanagatlanma bilen belledi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri sebitde
durnukly ösüşi üpjün etmekde, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlukly gatnaşyklary
pugtalandyrmakda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça
sebit merkeziniň möhüm ornuny belledi.
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy
boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly
Prezidentimize sebit merkeziniň işine berýän yzygiderli goldawlary üçin tüýs
ýürekden hoşallygyny beýan edip, ýurdumyz bilen bilelikdäki işiň baý
tejribesine, uly mümkinçiliklere esaslanýan netijeli hyzmatdaşlygyň mundan
beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş
diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadze birek-birege iň
gowy arzuwlaryny beýan etdiler.