4-nji iýunda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy
arkaly Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi
Ý.Kakaýew bilen Italiýa Respublikasynyň «ENI» kompaniýasynyň Merkezi Aziýa
sebiti boýunça Ýerine ýetiriji wise-prezidenti L.Winýatiň arasynda gepleşikler
geçirildi.
Duşuşykda taraplar «ENI» kompaniýasynyň
Türkmenistandaky işi baradaky meseleleri, geçirilýän işleriň netijelerini we
«COVID-19» bilen bagly wehimleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan
bilen açyk we birek-birege ynanyşmak häsiýetli gatnaşyklar barada aýdyp,
italýan tarapy ýakyn hyzmatdaşlyk üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Şeýle-de serişdeleriň gymmatyny we
durnuklylygyny iki tarapyň hem bähbidi üçin saklamak maksady bilen, häzirki
döwürdäki ykdysady ýagdaýa laýyklykda maýa goýumy we kompaniýanyň işini
işjeňleşdirmek babatdaky tekliplere seredildi.