milli goshun logo
Dünýäniň nebitgaz bazarynyň ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
Dünýäniň nebitgaz bazarynyň ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy
22.11.2018 745 Habarlar

Düýn paýtagtymyzda geçýän “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” forumyň çäklerinde mowzuklaýyn maslahatyň jemleýji güni boldy. Oňa Russiýanyň, ABŞ-nyň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Hytaýyň, Fransiýanyň, BAE-niň, Malaýziýanyň we Ýewropanyň, Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de GDA-nyň ýurtlarynyň döwlet düzümleriniň, ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, nebitgaz we hyzmatlar kompaniýalarynyň, iri abraýly guramalaryň wekilleri, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdylar. 

Maslahatyň şu günki gün tertibinde gazhimiýa pudagynyň möhüm ugurlaryna we ösüş çaklamalaryna, bu önümiň halkara bazarynyň ösdürilmegine bagyşlanan mejlis boldy. Onda çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, dünýäniň energetika deňeçerliginde ekologiýa taýdan arassa serişde hasaplanýan tebigy gaza berilýän ähmiýet has-da artdy. XXI asyrda dünýä ykdysadyýetinde we energetika ulgamynda tebigy gazyň we gazhimiýa senagatynyň geçen asyrda nebitiň we nebithimiýanyň ähmiýeti ýaly ornuň degişli boljakdygy gürrüňsizdir. 

Şunuň bilen baglylykda, foruma gatnaşyjylar daşary ýurtly maýadarlar bilen hyzmatdaşlygyň ýurdumyzda gazy gaýtadan işleýän önümçiligi ösdürmek bilen baglanyşykly esasy ugurlaryň birine öwrülendigini bellediler. Türkmenistanda taryhy ölçegler boýunça gysga döwrüň içinde gazy gaýtadan işlemegi we ýokary hilli eksport önümleriniň önümçiligini esasy ugur edinýän köpsanly kärhanalar guruldy. 

Şu ýylyň oktýabr aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän täze häzirkizaman gazhimiýa toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Bu toplumyň kuwwaty ýylda 5 milliard kubmetr gazy gaýtadan işlemäge we 4,5 milliard kub metr “mawy ýangyjy” ýurdumyzyň gaz ulgamyna bermäge niýetlenendir. Zawodda her ýylda 386 müň tonna polietilen we 81 müň tonna polipropilen önümçiligi ýola goýuldy. Maslahata gatnaşyjylar toplumyň diňe bir sebitde däl, eýsem, dünýäde kuwwatly kärhanalaryň biridigini bellediler. 

Mundan başga-da, häzirki döwürde Türkmenistanda karbamid, kaliý dökünlerini öndürýän kärhanalar, kükürt kislotasynyň önümçiligi boýunça seh ulanmaga berildi. Ýapon tehnologiýasy bolan GTL esasynda tebigy gazdan suwuk ýangyç öndürýän kärhananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. 

Ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we konsernleriniň wekilleri ýakyn wagtda ýurdumyzda gazhimiýa önümçiligini ýola goýmaga, şol sanda pes dykyzlygy bolan polietilen, polipropilen, poliwinilaseatat, poliwinilhlorid, metanol, suwuk hlor, sulfat natrisini öndürmäge gönükdirilen ýene-de birnäçe taslamalary amala aşyrmagyň meýilleşdirilýändigini aýtdylar. 

Beýleki bir mejlis Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda maýa goýum ýagdaýyna, uglewodorod serişdelerini gözlemekde we çykarmakda täzeçil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna bagyşlandy. 

Häzirki döwürde ýurdumyzda ýüz millionlarça tonna nebit we trillionlarça kubmetr tebigy gaz ýataklary ýüze çykaryldy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, olar köpýyllaryň dowamynda içerki sarp edijileri üpjün etmäge we eksporta ugratmaga ýeterlik bolar . Türkmenistanyň çäginde 200-e golaý ýataklar açyldy. Ýüzlerçe geljegi uly nebit we gaz düzümleri çuňňur burawlamaga taýýar edildi. Ýakyn wagtda Türkmenistanyň merkezi we demirgazyk etraplarynda nebitli we gazly gatlaklary düýpli öwrenmek meýilleşdirildi. Çuňňur gatlakda ýerleşýän ýerlerde gözleg işleri, ýurdumyzyň günorta-günbatar künjegindäki meýdançalary öwrenmek dowam edýär. 

Maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň çäginde bar bolan nebit we gaz ýataklarynyň maýa goýum we özara peýdaly hyzmatdaşlyk üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýandygyny bellediler. Öňdebaryjy halkara kompaniýalarynyň wekilleri bolsa türkmen hyzmatdaşlaryna gury ýerdäki we Hazar deňziniň çäginde bar bolan ýataklary gözlemekde we işläp taýýarlamakda öňdebaryjy hem-de ýokary netijeli tehnologiýalaryny hödürlemäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýangyç-energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr. 

Maslahatyň jemleýji mejlisi nebiti gaýtadan işleýän pudagyň önümleriniň bazaryna, ekologiýa taýdan arassa ýangyjyň önümçiligine we “ýaşyl ykdysadyýetiň” geljekki ösüşine bagyşlandy. 

Taryhy taýdan gysga döwrüň içinde Türkmenistanyň nebiti gaýtadan işleýän pudagynda düýpli özgertmeler amala aşyryldy. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu toplumda ýokary ekologiýa ülňülerine laýyk gelýän dizel ýangyjy, ýokary hilli ýol bitumy, çalgy ýaglary, polipropilen, suwuklandyrylan gaz ýaly bäsdeşlige ukyply nebit önümleri öndürilýär. 

Birnäçe daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda alnyp barylýan döwrebaplaşdyrmak işiniň ilkinji tapgyrynyň çäklerinde platformingiň, katalitik krekingiň, polimerleşdirmegiň, ýag önümçiliginiň, dizel ýangyjyny arassalamagyň tehnologiýa gurnamalary ulanmaga berildi. Bu düzümler kärhananyň tehnologik desgalaryny zerur energiýa serişdeleri bilen üpjün edýär. 

Ýurdumyzda nebiti gaýtadan işleýän pudagy ösdürmek boýunça dürli meseleleri çözmekde toplanylan tejribe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça täze ylmy we tehniki gazanylanlaryň ornaşdyrylmagyna, öndürilýän önümleriň görnüşlerini dünýäniň täze tehnologiýalary esasynda artdyrmaga, eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge mümkinçilik berdi. Munuň özi ýurdumyzyň ählumumy nebitgaz bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar. 

Şeýlelikde, iki gün dowam eden maslahatyň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki möhüm ugurlary barada anyk maglumatlar aldylar hem-de tagallalary birikdirmegiň, maýa goýum ýagdaýyny işjeňleşdirmegiň hem-de özara gatnaşyk boýunça tejribe alyşmagyň mümkinçiliklerini öwrendiler. 

Mundan başga-da, “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2018” halkara forumynyň çäklerinde daşary ýurtly işewürleriň hem-de Türkmenistanyň pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň we konsernleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda köpsanly işewürlik duşuşyklary geçirildi.