Düýn – 17-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýewi kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiz hem-de ilçi Türkmenistan bilen Gazagystanyň medeni, taryhy gymmatlyklarynyň umumylygyna esaslanyp, hyzmatdaşlygyň berk binýadyny kemala getirendiklerini, onuň häzirki wagtda döwletara hyzmatdaşlygyň nusgasy bolup durýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Hususan-da, şu ýylyň 25 – 27-nji iýunynda Gazagystanda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilendigi, 4-nji iýulda bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Astana şäherine saparynyň çäklerinde beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň dabaraly ýagdaýda açylandygy kanagatlanma bilen bellenildi.