milli goshun logo
Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi – 4
Dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi – 4
07.08.2019 405 Bitaraplygyň mekany

3. Hazarda howpsuzlyk meseleleri

Hazar – howpsuzlygyň we ylalaşygyň deňzi bolmaly. Soňky çärýek asyrdan gowrak dowam eden umumyhazar gepleşikleriniň esasy örküji şu gysga jümlede jemlendi diýsek, ýalňyş bolmasa gerek. Munuň üçin sebitde howpsuzlygyň üpjün edilmegi ilkinji nobatdaky möhüm mesele hökmünde ör-boýuna galýar. Eýsem, Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan Hazarda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça nähili başlangyçlar öňe sürüldi? Olary durmuşa geçirmek üçin türkmen diplomatiýasy tarapyndan nähili anyk ädimler ädildi? Hazarýaka döwletleriň umumy tagallalaryny birleşdirmegiň hasabyna nähili sepgitlere ýetildi? Öňde nähili meseleleriň çözgüdi gözlenilýär?

Ozal hem bellenilişi ýaly, Hazaryň dünýä geosyýasatyndaky ähmiýetini nazara almak bilen, bu sebitdäki howpsuzlyk meselelerini çözmek köp babatda onuň kenarýakasyndaky döwletleriň çygryndan çykýan mesele. Hut şol sebäpli, Türkmenistanyň Baştutany Hazarýaka howpsuzlygyny, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň derejesinde çözmäge üns berdi. Şeýlelikde, türkmen Lideriniň daşary syýasat başlangyçlarynda aýratyn Hazarýaka ugry kemala geldi. Bu başlangyçlarda hormatly Prezidentimiz howpsuzlygyň bitewüligi we bölünmezligi hakda öňe süren konseptual garaýyşlarynyň çäginde onuň ýaragsyzlanmak, ekologiýa, tehnogen, adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ähli jähetlerini özara baglanyşykda çözmäge dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekýär. Geliň, olaryň hersine aýratynlykda seredeliň!

Hazarda ýaragsyzlanmak meselesi. Milli Liderimiz özüniň Hazarýaka ugry boýunça başlangyçlaryny BMG-niň belent münberinden äşgär etdi. Baş Assambleýanyň 2009-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilen 64-nji mejlisinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Baştutany ýaragsyzlanmagyň, ýarag arsenallaryny, ilkinji nobatda, köpçülikleýin heläkçilige getiriji ýaraglary kemeltmegiň, olaryň ýaýradylmagyna garşy hereket etmek işlerine ýardam bermegiň ählumumy Gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri bolmagynda galýandygyny aýratyn belledi. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi Aziýa sebitinde we Hazar sebitinde ýaragsyzlanmak meselesine bagyşlanan wekilçilikli halkara maslahatyň geçirilmegini derwaýys hasaplaýandygy baradaky teklibi öňe sürdi hem-de ýurdumyzyň şeýle çäräniň guramaçysy bolup çykyş etmäge taýýardygyny mälim etdi. Hormatly Prezidentimiziň öňe süren şu teklibiniň esasynda 2010-njy ýylyň 24-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi Aziýa we Hazar sebitinde ýaragsyzlanmak meselelerine bagyşlanan wekilçilikli halkara maslahat Aşgabatda üstünlikli geçirildi.

Hazarda howpsuzlygy üpjün etmek boýunça başlangyçlaryny dowam etdirmek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Baş Assambleýanyň 65-nji mejlisinde Merkezi Aziýada we Hazar sebitlerinde howpsuzlyk, parahatçylyk, hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejedäki forumy geçirmek başlangyjyny öňe sürdi. Hormatly Prezidentimiz şol çykyşy bilen bagly 2010-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda geçirilen metbugat maslahatynda-da Merkezi Aziýanyň we Hazarýaka sebitiniň halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda aýratyn möhüm ähmiýetli sebitdigine üns çekdi. Bu iki sebitiň birini beýlekisinden aýry tutmagyň mümkin däldigini nygtamak bilen, milli Liderimiz bu ýerde ýaragsyzlanmakdan başlap, ekologiýa meselelerine çenli ählumumy wehimleriň ählisiniň oňyn çözgüdini tapmakda sebitiň döwletleriniň we halkara bileleşiginiň tagallalarynyň bir ýere gönükdirilmelidigini nygtady. Munda Türkmenistanyň öňe süren Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň sebitinde howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejedäki Geňeşi döretmek teklibiniň ähmiýeti uludyr. Çünki umumysebit gatnaşyklarynyň mehanizmini işläp düzjek bu forum sebitde howpsuzlygyň üpjün edilmegine ýardam etmek bilen bu ýerde ýerleşen döwletleriň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy berkider.

Türkmenistanyň Prezidenti köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýusynda (2010-njy ýylyň 10-njy dekabry) Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň parahatçylygy döredijilik ösüş ýolunyň biziň ýurdumyza Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde howpsuzlyk, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk boýunça dünýä bileleşigine netijeli çäreleri teklip etmäge, umumydünýä möçberindäki çylşyrymly geosyýasy meseleleri çözmegiň täze hukuk usullaryny döretmek başlangyjy bilen çykyş etmäge mümkinçilik berýändigini aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň täze binasynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda (2011-nji ýylyň 1-nji sentýabry) hormatly Prezidentimiz diplomatik korpusyň wekillerine ýüzlenip, ozal döwletimiz tarapyndan Merkezi Aziýada we Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy hem-de durnuklylygy saklamak boýunça başlangyçlaryň birnäçesi bilen çykyş edilendigini, olaryň oňlanmak bilen kabul edilendigini belledi. Milli Liderimiz görkezilen sebitlerde howpsuzlyk boýunça wekilçilikli forumyň geçirilmeginiň nobatdaky ädim bolmalydygyny, Türkmenistan ony özünde geçirmäge taýýardygyny, şu forumyň syýasy netijeleriniň biri hökmünde Merkezi Aziýada we Hazar sebitinde parahatçylykly ösüş boýunça maslahat beriji Geňeşi döretmegi maksadalaýyk hasaplaýandygyny ýene-de bir gezek esaslandyrdy. Hut şu pikir şol ýylyň 23-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 66-njy mejlisinde eden çykyşynda dünýä bileleşigine ýetirildi.

Hazarda howpsuzlyk meseleleri Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň ähli sammitlerinde diýen ýaly gün tertibindäki möhüm mesele bolmagynda galdy. Meselem, 2001-nji ýylyň 12-nji martynda Russiýanyň we Eýranyň Prezidentleri Hazaryň çäginiň diňe parahatçylykly maksatlar üçin ulanylmalydygy, deňizde Hazarýaka sebite degişli bolmadyk ýurtlaryň ýaragly güýçleriniň asla bolmaly däldigini nygtadylar. Russiýanyň Prezidenti sebitde güýç ulanmakdan boýun gaçyrmagy hem-de «Hazarda durnuklylyk hakdaky pakta» gol çekmegi teklip etdi.

Tähran sammitinde möhüm meseleleriň biri howpsuzlyk meselesi boldy. Sammitde döwlet Baştutanlary tarapyndan gol çekilen Jarnamada kenarýaka döwletleriniň ýaragly güýçleriniň birek-birege garşy çozmak maksady bilen ulanylmajakdygy beýan edildi. Şeýle hem Hazar deňziniň gurşawyny goramaga aýratyn ähmiýet berildi.

Bakuwda bäş ýurduň Prezidentleri bilelikdäki Beýannama we Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyga gol çekdiler. Munuň özi ahyrky netijä barýan ýolda görnetin ilerlemäniň subutnamasy boldy. Resminamada Hazarýaka döwletleriň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine ygrarlydygy, olaryň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga we giň eltmäge meýillidigi, şeýle hem taraplaryň sebit howpsuzlygyna we durnuklylygyna, Hazar deňzini diňe parahatçylykly maksatlarda ulanmakda hyzmatdaşlygy ösdürmäge we pugtalandyrmaga goşant goşmaga taýýardygy tassyklanylýar. Ylalaşyk çarçuwaly resminama bolmak bilen, terrorçylyga, guramaçylykly jenaýatçylyga, ýaraglaryň, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, kontrabanda, adam söwdasyna we bikanun migrasiýa garşy göreşmek, deňiz gämiçiliginiň howpsuzlygyny üpjün etmek ýaly ulgamlarda taraplaryň degişli edaralarynyň hyzmatdaşlygy üçin hukuk esasyny döredýär. Onda zerur bolan maglumatlary we iş tejribesini alyşmak, duşuşyklary, geňeşmeleri we beýleki çäreleri geçirmek, şeýle hem bu ylalaşygy iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, pudagara häsiýetli teswirnamalary baglaşmak göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, howpsuzlyk babatdaky ylalaşyk Hazarýaka döwletleriň hyzmatdaşlygynda has möhümdir. Hormatly Prezidentimiziň sözleri bilen aýtsak, durnuklylygy we howpsuzlygy pugta üpjün etmek biziň Hazarda üstünlikli hyzmatdaşlyk etmegimiziň esasy şertidir, bar bolan ähli meseleleri çözmegiň girewidir. Baku sammitinde Hazar deňziniň parahatçylyk, ylalaşyk we netijeli halkara hyzmatdaşlygyny etmegiň deňzi bolandygyny we şeýle bolup hem galmalydygy barada Türkmenistanyň garaýşynyň üýtgewsizdigi nygtaldy. Howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyk Hazarýaka döwletleri tarapyndan tassyklanylyp, 2014-nji ýylda güýje girdi.

Astrahan sammitinde howpsuzlyk meselelerine üns bermek bilen hormatly Prezidentimiz: «Munuň özi, ilkinji nobatda, parahatçylygy we howpsuzlygy goldamakdan, harby gapma-garşylyklaryň öňüni almakdan we olary aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Şunda, biz Hazar deňzinde hukuga garşy islendik ýagdaýlaryň, şol sanda kontrabanda, brakonýerçilige, neşeleriň bikanun dolanyşygyna, islendik görnüşdäki ekstremizme we terrorçylyga garşy göreşmekde tagallalaryň utgaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýäris» diýip belledi. Astrahan sammitinde gol çekilen Beýannamada, şeýle hem Hazar deňzinde kenarýaka ýurtlaryna degişli bolmadyk ýaragly güýçleriň bolmak mümkinçiligini aradan aýyrýan, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek üçin esas goýujy ýörelgeler berkidilendir. Milli Liderimiz Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşyga teswirnamalary işläp taýýarlamaga girişmegi teklip etdi.

Hazarda howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygy berkitmekde Hazar deňzinde howpsuzlyk babatda hyzmatdaşlyk hakynda 2010-njy ýylyň 18-nji noýabryndaky ylalaşyga Türkmenistanyň başlangyjy boýunça goşmaça 3 sany teswirnama 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Aktau sammitinde gol çekilmegi örän ähmiýetli boldy. Olar Hazar deňzinde terrorçylyga garşy göreşmek boýunça; guramaçylykly jenaýatçylyga garşy göreşmek boýunça; serhet edaralarynyň hyzmatdaşlyk etmegi hem-de arkalaşykly hereket etmegi hakyndaky teswirnamalardyr. Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň V sammitinde eden çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti howpsuzlyk meselesine degip geçmek bilen: «Hazarda parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak hem-de gorap saklamak wezipesi wagt babatynda çäklendirilen däldir. Şunuň bilen baglylykda, Hazarda harby işler ulgamynda mundane beýläk-de özara ynanyşmak çärelerini işläp taýýarlamak hem-de kabul etmek zerurdyr. Hazar deňzi hemişe parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara düşünişmek hem-de ynam zolagyna öwrülmelidir we şunda ähli meseleleri parahatçylykly, gepleşikler arkaly çözmek zerurdyr» diýip nygtady.

Hazar deňziniň hukuk derejesi hakyndaky Konwensiýanyň 3-nji maddasynda taraplaryň deňizde howpsuzlygy berjaý etmeginiň düzgünleri jikme-jik beýan edildi. Hususan-da, taraplaryň deňizdäki işleri:

1. Döwletleriň özygtyýarlygyny, garaşsyzlygyny, özygtyýarly deňligini, güýç ulanmazdan ýa-da güýç ulanmak arkaly haýbat atmazdan, özara hormat, hyzmatdaşlyk, birek-biregiň içerki işlerine goşulmazlygy;

2. Hazar deňzini diňe parahatçylykly maksatlar üçin ulanmak, ony parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň zolagyna öwürmek, Hazar deňzi bilen bagly ähli meseleleri diňe parahatçylykly ýollar arkaly çözmek;

3. Hazar deňzinde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek;

4. Hazar deňzinde taraplaryň ýaragly güýçleriniň durnukly deň agramlylygyny saklamak, harby gurluşyklary ähli taraplaryň isleglerini nazara alyp, birekbiregiň howpsuzlygyna zeper ýetirmezden üpjün etmek;

5. Harby pudakdaky işleri ähli taraplaryň arasyndaky öňünden duýdurylan hem-de açyklyga esaslanýan ýörelgelere laýyklykda baglaşylan halkara şertnamalaryna laýyklykda alyp barmak;

6. Hazar deňzinde taraplara degişli bolmadyk harby güýçleri ýerleşdirmezlik;

7. Taraplaryň haýsydyr biri tarapyndan öz çägini başga bir tarapyň üstüne çozmak ýa-da harby hereketleri amala aşyrmak maksatly bermezligi;

8. Taraplaryň her biriniň öz territorial suwlarynyň çäginden daşarda kenarýaka döwletleriniň özygtyýarlygyny hemde olar tarapyndan bu babatynda kesgitlenen düzgünleri berjaý etmek arkaly deňizde ýüzüşleri amala aşyrmak;

9. Deňizde ýüzüşiň howpsuzlygyny berjaý etmek;

10. Halkara hukugyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de taraplaryň halkara söwdasyny giňeltmek we ykdysady ösüşini üpjün maksady bilen özara ylalaşyklaryna laýyklykda taraplara Hazar deňzinden beýleki deňizlere, dünýä ummanlaryna we yzyna ýüzüşine rugsat bermek;

11. Hazar deňzinde, ondan başga ýere geçende gämileriň diňe taraplaryň hersiniň öz baýdagy astynda ýüzmegi;

12. Bilelikdäki suw biologiýa gorlaryny peýdalanmakda we gaýtadan dikeltmekde özara ylalaşykly kadalary we düzgünleri ulanmak;

13. Hazar deňziniň ekologiýa ulgamynyň hapalanmagy, ýetirilen zyýan üçin taraplaryň jogapkärçiligi;

14. Hazar deňziniň tebigy gurşawyny gorap saklamak, onuň biologiki gorlaryny saklamak, dikeltmek we rejeli peýdalanmak;

15. Raýat awiasiýasynyň halkara guramasynyň düzgünlerine laýyklykda raýat uçarlarynyň erkin uçuşy ýaly ýörelgelerden ugur alnyp amala aşyrylmalydygy hukuk taýdan berkidildi. Maddanyň mazmunyndan görnüşi ýaly, olaryň ählisi kenarýaka döwletleriň ählisiniň milli bähbitleriniň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary bilen utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar. (Dowamy bar).

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW.

Meňzeş habarlar