Birleşen
Milletler Guramasy Baş Assambleýa
Ýetmiş
dördünji mejlis
Gün
tertibiniň 19-njy bölümi
Durnukly
ösüş
«Durnukly
ösüş ulgamynda maksatlary durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň
integrirlenen milli gurallarynyň orny» atly halkara okuw maslahatynyň işiniň
netijeleri boýunça Beýannama
1.Biz, «Durnukly ösüş ulgamynda maksatlary
durmuşa geçirmegi maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli
gurallarynyň orny» atly halkara okuw maslahatyna gatnaşyjylar, kynçylyklary,
hususan-da, koronawirus ýokanjynyň (COVID-19) pandemiýasy zerarly ýüze çykan
ykdysady, durmuş we maliýe häsiýetli kynçylyklary ýeňip geçmek meselelerini ara
alyp maslahatlaşmak maksady bilen, wideoaragatnaşyk arkaly 2020-nji ýylyň
28-nji maýynda ýygnananlar şu Beýannamany kabul etdik.
2.2020-nji ýylyň 23-nji aprelinde
wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen ösüşi maliýeleşdirmek ulgamynda soňraky
çäreler boýunça Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň bäşinji forumynyň netijelerine,
2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Hazar
ykdysady forumynyň, 2019-njy ýylyň 15-nji we 16-njy noýabrynda Almaty şäherinde
geçirilen «Durnukly ösüş ulgamynda maksatlary durmuşa geçirmek üçin maliýe
serişdelerini gönükdirmek» mowzugy boýunça Durnukly ösüş ulgamynda maksatlar
boýunça birinji sebit sammitiniň, şeýle hem 2018-nji ýylyň 20-nji we 21-nji
iýunynda Aşgabat şäherinde geçirilen «Beýik Ýüpek ýolunyň ýüreginde ösüşi
maliýeleşdirmek üçin hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatynyň jemlerine
esaslanyp, biz 2002-nji ýylyň Monterreý konsensusyna hem-de 2008-nji ýylyň ösüşi
maliýeleşdirmek hakyndaky Doha Jarnamasyna daýanýan hem-de durnukly ösüş
ulgamynda 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň aýrylmaz bölegi bolup
durýan ösüşi maliýeleşdirmek boýunça üçünji Halkara maslahatynyň hereketleriniň
Addis-Abebe maksatnamasyny doly we öz wagtynda amala aşyrmak maksady bilen,
bilelikdäki tagallalary artdyrmagy dowam etdirmäge meýillidigimizi beýan
edýäris.
3. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
sekretary tarapyndan 2020-nji ýylyň 28-nji maýynda wideoaragatnaşyk arkaly
çagyrylan COVID-19 döwründe we soňraky döwürde Ösüşi maliýeleşdirmek boýunça
ýokary derejeli çäräni goldaýarys. Şu halkara okuw maslahatynyň Ösüşi
maliýeleşdirmegiň sebit gün tertibine jikme-jik üns berendigini, pandemiýa
şertlerinde durnukly ykdysady ösüşi goldamagyň ählumumy, sebit we milli ileri
tutulýan ugurlarynyň sinergiýa meselelerine garandygyny belleýäris.
4. COVID-19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan
ykdysady çökgünligiň ählumumy derejede, hususan-da, Birleşen Milletler
Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna
gatnaşýan ýurtlarda Durnukly ösüş ulgamyndaky maksatlary durnukly amala aşyrmak
we maliýeleşdirmek üçin uly kynçylyklary döredip biljekdigini nygtamak bilen,
biz pandemiýanyň durmuş-ykdysady täsirlerini aradan aýyrmak we sebitiň
ýurtlarynda ilatyň kömege mätäç hem-de pandemiýanyň ýaramaz täsirlerine duçar
bolmak howpy abanýan toparlaryna kömek bermek üçin gaýragoýulmasyz çäreleriň
amala aşyrylmagynyň zerurdygyny belleýäris.
5. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler
Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna
gatnaşýan ýurtlaryň arasynda 2030-njy ýyla çenli ösüşiň ählumumy gün tertibini
amala aşyrmak boýunça işi yzygiderli utgaşdyrmagyň, şeýle hem Ýörite maksatnama
agza ýurtlaryň başlangyçlaryny yzygiderli durmuşa geçirmegiň ähmiýetini nygtap,
institusionallaşdyrmagyň guraly hökmünde Ýörite maksatnamanyň sekretariatyny
döretmek hakyndaky teklibe ýakyn wagtda garamagyň zerurdygyny belleýäris.
6. Biz pandemiýanyň durmuş-ykdysady
netijeleriniň köp derejede gowşak goralan toparlara, şol sanda aýallara we
gyzlara, ýaşlara, çagalara, mümkinçilikleri çäkli adamlara, ýaşuly adamlara,
bosgunlara, göçen adamlara we beýleki gowşak goralan toparlara täsir edip
biljekdigini ykrar edip, «hiç kimi yzda galdyrmaly däl» diýen ýörelgä
laýyklykda, ilatyň ýokarda agzalyp geçilen toparlary üçin durmuş taýdan goramak
maksatnamalaryny we beýleki ýardam bermek maksatnamalaryny amala aşyrmaga
hem-de giňeltmäge, durmuş hyzmatlaryna, şol sanda häzirki wagtda we geljekde ýurtlaryň
durmuş hem-de ykdysady abadançylygy üçin uly ähmiýete eýe bolan saglygy goraýyş
we bilim ulgamlaryna maýa goýumlaryny goldamaga meýillidiris.
7. COVID-19 pandemiýasy zerarly ýüze çykan
ählumumy ykdysady çökgünligiň dünýäniň ähli ýurtlarynda durmuş-ykdysady
häsiýetli kemçilikleriň bardygyny äşgär edendigini aýratyn bellemek bilen, biz
deňsizligiň ähli görnüşlerini aradan aýyrmaga, howanyň üýtgemeginiň täsirlerini
peseltmäge, şeýle hem sanly çözgütleri mundan beýläk-de ilerletmäge we sanly
üzňeligi azaltmaga gönükdirilen durnukly ösüş syýasatyny geçirmegi dowam
etdirip, durnukly dikeldişe ygrarlydygymyzy nygtaýarys.
8. Çig mal harytlarynyň pese gaçýan hem-de
ykdysady geljegiň näbelliligi ýagdaýynda COVID-19-yň ýaýramagy netijesinde ýüze
çykan maliýe durnuksyzlygyna ynjalyk bildirip, biz kärhanalaryň we
öý-hojalyklarynyň likwidliligini üpjün etmek üçin gaýragoýulmasyz monetar we
fiskal çäreleriň amala aşyrylmagyny, karz borçnamalarynyň aşa köp bolmagyna ýol
bermezligi, bahalaryň üýtgemegini azaltmagy hem-de söwda we maliýe
bazarlarynyň, sebitiň ýurtlarynyň milli pullarynyň durnuklylygyny goldamagy
örän wajyp hasaplaýarys.
9. Durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün
etmekde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň aýratyn gowşak
goralandygyny, şeýle hem 2020 — 2021-nji ýyllarda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan ýurtlaryň Toparyna başlyklyk edýän ýurt hökmünde Gazagystanyň Topara
agza döwletleriň meseleleri barada habarlylygyny ýokarlandyrmakda hem-de bu
ýurtlaryň ýüzbe-ýüz bolýan halkara söwdasynda marginallyk, gowşak ulag-üstaşyr
arabaglanyşygy hem-de düzümleýin ösüşiň ýeterlik däldigi ýaly wehimleri ýeňip
geçmekde işjeň ornuny nygtamak bilen.
10. Şol bir wagtyň özünde Birleşen Milletler
Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasyna
gatnaşýan ýurtlarda özara arabaglanyşygy pugtalandyrmak bilen birlikde,
Birleşen Milletler Guramasynyň hukuk gurallaryny, kadalaryny, standartlaryny we
maslahatlaryny peýdalanmak arkaly söwda we ulag ulgamlarynda päsgelçilikleri
azaltmak boýunça 2019-njy ýylyň 21-nji noýabrynda Ýörite maksatnamanyň Ýolbaşçy
geňeşi tarapyndan kabul edilen Aşgabat başlangyjyna salgylanyp, biz ulaglaryň
ähli görnüşleri arkaly halkara kommunikasiýalaryny mundan beýläk-de ösdürmegiň
zerurdygyna aýratyn ünsi çekýäris. Munuň özi sebitiň döwletleriniň we dünýäniň
beýleki ýurtlarynyň arasynda bökdençsiz söwdany üpjün etmek hem-de haryt
ibermegiň yzygiderliligini ýola goýmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolup, şunlukda,
milli ykdysadyýetleriň, aýratyn-da, deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň
ykdysadyýetleriniň çalt dikeldilmegine ýardam berer.
11. Biz Türkmenistanyň adatdan daşary
ýagdaýlaryň şertlerinde durnukly we ygtybarly halkara ulag gatnawlaryny üpjün
etmegiň hukuk gurallaryny döretmek, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirmek boýunça
başlangyjyny goldaýarys.
12. Gysga möhletli hereketler orta möhletli
netijelere gönüden-göni täsir edýär diýip hasaplamak bilen, çökgünlige
seslenmegiň islendik çäreleriniň uzakmöhletli netijeleri nazara almalydygynyň
hem-de durnukly ösüş ulgamynda ählumumy maksatlara laýyk gelmelidiginiň
ähmiýetini nygtaýarys.
13. Sebitiň ýurtlarynda COVID-19-yň
durmuş-ykdysady täsirini azaltmak, şeýle hem durnukly ösüş ulgamyndaky
maksatlary maliýeleşdirmegiň utgaşykly milli gurallaryny döretmekde ýardam
bermek boýunça tejribe alyşmagy dowam etdirip, biz Birleşen Milletler
Guramasynyň edaralaryny hem-de halkara maliýe edaralaryny 17 maksada (Durnukly
ösüşiň bähbitlerine Ählumumy hyzmatdaşlygyň çäklerinde işi amala aşyrmagyň we
işjeňleşdirmegiň serişdelerini pugtalandyrmak) tapgyrlaýyn ýetilmegini goldamak
maksady bilen, zerur bolan tehniki kömegi bermek we elýeterli maliýeleşdirmek
arkaly Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin
Ýörite maksatnamasy sebitiniň ýurtlaryna giňişleýin goldaw bermegi dowam
etdirmäge çagyrýarys.
14. Addis-Abebe hereketler maksatnamasyny
durmuşa geçirmäge ygrarlydygymyzy tassyklap, biz ähli ýurtlary durnukly ösüş
ulgamynda maksatlary maliýeleşdirmegiň utgaşykly milli gurallaryny döretmäge
çagyrýarys, biz halkara okuw maslahatynyň çäklerindäki maslahatlaşmalaryň
maliýeleşdirmegiň ähli mümkin bolan çeşmelerinden serişdeleri gönükdirmäge
ýardam edýän çäreler, şol sanda döwlet-hususy hyzmatdaşlyk, aýratyn hem häzirki
ählumumy ykdysady çökgünlik zerarly maliýe çäklendirmeleri bilen baglylykda,
hyzmatdaşlyk arkaly ösüşi maliýeleşdirmäge utgaşykly hem-de toplumlaýyn
çemeleşmeleriň wajypdygyny nygtandygyny belleýäris.
15. Biz maliýeleşdirmegiň utgaşykly milli gurallaryny
döretmek boýunça tagallalaryň çäklerinde durnukly ösüş ulgamynda maksatlary
maliýeleşdirmegiň milli strategiýasynyň wajypdygyny aýratyn nygtaýarys. Munuň
özi döwlet maliýe serişdelerini dolandyrmagyň aýdyň we anyk, netijeli hem-de
ahyrky netijä gönükdirilen ulgamynyň döredilmegini öz içine alýar. Biz hususy
içerki we halkara maliýe serişdeleriniň, innowasion maliýe gurallaryny hem-de
sanly maliýe serişdelerini ulanmagyň, birleşdirilen gaznalary döretmegiň, şeýle
hem maliýe edaralary hem-de gaznalary tarapyndan berilýän halkara maliýe
serişdeleriniň gönükdirilmeginiň möhüm ornuny belleýäris.
16. Biz durnukly ösüş ulgamynda maksatlary
maliýeleşdirmekde hususy ulgamyň möhüm ornuny ykrar edýäris, şoňa görä-de,
döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň ulanylyp bilinjek ýerinde has
giň ilerletmelere hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýanyň
ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň ýurtlarynda maksatlara ýetmegi
çaltlandyrmak üçin hususy ulgamy uzakmöhletli maliýeleşdirmegiň gurallaryny
giňeltmäge çalyşýandygymyzy ýene-de bir gezek tassyklaýarys.
17. Biz Ýewropa Ykdysady Komissiýasynyň
maliýeleşdirmegiň sebitara guraly hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň
Merkezi Aziýanyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň maksatlaýyn gaznasyny
döretmek meselesi boýunça brifinginiň netijelerini maglumat hökmünde kabul
edýäris we şeýle gaznany döretmegiň dürli usullaryna garamak islegimizi beýan
edip, halkara maliýe edaralaryny we hususy ulgamy bu mesele boýunça
geňeşmeleriň tapgyryna gatnaşmaga çagyrýarys.
18. Biz şu formatda, şeýle hem dürli halkara
meýdançalarynda durnukly ösüş ulgamynda maksatlary ösdürmek we durmuşa geçirmek
üçin tejribe alyşmagy we maliýeleşdirmegiň meselelerini ara alyp
maslahatlaşmagy dowam etdirmek barada ylalaşdyk.
19. Biz Türkmenistanyň Hökümetine şu halkara
okuw maslahatyny geçirmek baradaky başlangyjy üçin hoşallyk bildirýäris. Bu
maslahatyň netijeleri ýakyn ýyllarda ösüşi maliýeleşdirmek boýunça Halkara
maslahatyny geçirmek üçin oňat esas bolup biler.