19.01.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky wideoduşuşyklar
08.01.2021 93 Habarlar

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Bütindünýä bankynyň wekilleri bilen wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösüşe eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan «açyk gapylar» syýasatynyň çäklerinde milli maliýe ulgamyny ösdürmek boýunça özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini alamatlandyrýar.

***

7-nji ýanwarda ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly HHR-iň Henan welaýatynyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşykda ulag hem-de logistika, söwda we oba hojalygy pudaklarynda Hytaý Halk Respublikasynyň bu welaýaty bilen ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyga ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, «Türkmenýüpek» ýapyk paýdarlar jemgyýetiniň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň, «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary» we «Türkmendeňizderýaýollary» agentlikleriniň wekilleri-de gatnaşdylar.