Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli geçirilen harby ýörişe «harby» maşgalalar hem gatnaşdy. Şeýle maşgalalaryň biri – ojagynda bir kiçijik watan gurup ýaşaýan Baýryýewleriň agzybir maşgalasydyr.
Dabaraly harby ýörişde maýor Serdar Baýryýew Asmana atyjy diwizionyň serkerdesi bolup, uly leýtenant Maýa Ýazlyýewa Zenanlar batolýonynyň düzüminde üstünlikli geçdiler. Serkerdäniň 14-nji gezek, ýanýoldaşynyň bolsa 12-nji gezek dabaraly harby ýörişe gatnaşýandygyny aýratyn bellemeli.
Şeýle maşgalalaryň ýene-de biri – Alymowlaryň maşgalasydyr. Uly leýtenant Meýlis Alymow harby ulgamda zähmet çekmek bilen, şu ýyl Deňiz-pyýada batalýonynda rota serkerdesi bolup 10-njy gezek dabaraly harby ýörişden geçdi. Onuň ýanýoldaşy borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Oguljan Rozymuradowa bu şöhratly dessura feldşer bolup, şu ýyl ilkinji gezek gatnaşdy.
Baýramçylyk dabarasynyň maşgala derejesinden ýurt derejesine çenli uzaýan şatlygyna şärik bolmagyň özem kalbyňy heýjana salýar. Bular bagtly maşgala.
«Milli goşun».