2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda Nýu-Ýork şäherinde,
BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji plenar mejlisiniň
dowamynda «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamasyna seredildi we biragyzdan
kabul edildi.
Bu resminama gün tertibiniň «Birleşen Milletler
Guramasynyň ykdysady, durmuş we ýanaşyk ugurlardaky iri maslahatlarynyň we
ýokary derejeli duşuşyklarynyň çözgütleriniň utgaşykly we toplumlaýyn durmuşa
geçirilmegi hem-de olaryň netijeleri boýunça alnyp barylýan işler» atly 13-nji
bendiniň çäklerinde we 57 döwletiň awtordaşlygynda kabul edildi.
«Awaza syýasy Jarnamasy» Kararnamasy 2024 — 2034-nji
ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasynda beýan edilen esasy netijeleri we
strategik ugurlary özünde jemlemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatynyň netijeleri boýunça kabul edilendir.
Resminamada deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ykdysady
kuwwatyny berkitmekde we olaryň dünýä ykdysadyýetine goşulyşmagynda halkara
raýdaşlygyň ähmiýeti nygtalýar, şeýle hem durnukly ulag ulgamynyň, sanly we
energetika infrastrukturasynyň, söwdanyň we ekologiýanyň ösdürilmeginiň möhüm
ähmiýeti bellenilýär.
«Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi
Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň hem-de ählumumy derejesinde hemişelik
bitaraplyk, parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk ýörelgelerini ilerletmekde
öňdebaryjy ornunyň nobatdaky tassyknamasy boldy.