Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80
ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe
we ykdysadyýet, Saglygy goraýyş we derman senagaty, Bilim ministrlikleriniň
hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň
ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar
gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar institutyň eýwanynda milli
mirasymyza, ýurdumyz bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň ugurlaryna bagyşlanan sergi
gymmatlyklary bilen tanyşdylar. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlara hem giň orun
berildi.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan
maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Mälim bolşy ýaly, 1945-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda
dünýäniň ähli garaşsyz ýurtlaryny birleşdirýän abraýly halkara düzüm bolan
Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy güýje girdi. Şol döwürden bäri bu
sene BMG-niň döredilen güni hökmünde bellenilýär. Häzirki wagtda BMG-niň
düzümine 193 döwlet girýär. Türkmenistan döwlet özygtyýarlylygyna eýe bolan
wagtyndan bäri bu gurama we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygy
özüniň daşary syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitledi. Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martyndan bäri bu abraýly guramanyň
işjeň agzasydyr. Häzirki wagtda BMG-niň esasy edaralaryna Baş Assambleýa,
Howpsuzlyk Geňeşi, Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça Geňeş, Halkara
Kazyýet, Sekretariat degişlidir. Şeýle-de guramanyň ýöriteleşdirilen
edaralaryna Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG), BMG-niň Bilim, ylym we
medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO), BMG-niň Çagalar gaznasy
(ÝUNISEF), Halkara pul gaznasy we başgalar girýär.
Maslahata gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, dünýä bileleşigi
şu ýyl iki şanly senäni — BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyny we Türkmenistanyň
hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyny baýram edýär.
Çykyş edenler bu şanly seneler mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan
etdiler.
Maslahata
gatnaşyjylar ýurdumyzyň BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň wekilhanalary
bilen hyzmatdaşlykda durmuşa geçirilen taslamalar barada hem giňişleýin durup
geçdiler.
Guramanyň Türkmenistandaky wekili Narine Saakýan BMG-niň
Ösüş maksatnamasynyň sanly özgertmeler arkaly söwdany, ykdysady ösüşi we sebit
arabaglanyşygyny pugtalandyrmakda ýurdumyzyň esasy hyzmatdaşydygyny belledi
Jemgyýetiň we
döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam saglygyny goramakda, ilatyň saglyk
ýagdaýyny gowulandyrmakda, keselleriň öňüni almakda we olary aradan aýyrmakda,
saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmekde uly
işler amala aşyrylýar. Toplumlaýyn häsiýete eýe bolan bu işlerde BSGG-niň
Türkmenistandaky wekilhanasy bilen hem ýakyndan hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.
Guramanyň ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Ýegor Zaýsewiň belleýşi ýaly,
saglyk bu diňe bir keselleriň ýoklugy bolman, eýsem, durnukly ösüşiň we
abadançylygyň hem möhüm binýadydyr.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda
durnukly ösüş çygrynda 2026 — 2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly
maksatnamasyna gol çekildi.