Hormatly
Belent Serkerdebaşymyz: «Eger-de döwletimizde sowatly ýaşlar, anyk ýokary
derejeli hünärmenler bolmasa, şol döwletiň hiç bir geljeginiň ýokdugyna anyk
düşünmelidiris» diýip belleýär. Bu nukdaýnazardan, ýurdumyzda umumy orta bilimi
kämilleşdirmäge, ýaş nesillerimiziň bilim we kämil terbiýe almagy üçin iň oňat
şertleri döretmäge uly üns berilýär.
Şu ýyl
hormatly Prezidentimiz obada işleýän mugallymlaryň zähmet hakyna ep-esli möçberde
goşmaça töleg goşmagy, şeýle hem olaryň ýeňillikli şertlerde ýaşaýyş jaýlary
bilen üpjün edilmegi hakda tabşyryklary berdi. Türkmenistanyň Magtymguly
adyndaky Ýaşlar guramasynyň alyp barýan işleriniň ähmiýetini belläp, milli
Liderimiz 7-14 ýaş aralygyndaky okuwçylary özünde birleşdirjek «Altyn nesil»
atly çagalar guramasynyň döredilmegini maksadalaýyk hasaplaýandygyny belledi.
Mekdep
okuwçylarynyň okuwa bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen, hormatly Belent
Serkerdebaşymyz mekdep uçurymlaryny altyn, kümüş we bürünç medallar bilen
sylaglamagy we ýokary synp okuwçylaryna Prezident okuwçy hakyny tölemegi teklip
etdi.
Şu gün nobatdaky 2019-2020-nji okuw
ýyly tamamlandy. Sentýabr aýynda ýaş watandaşlarymyz täze güýç bilen ýene okuwyny
dowam ederler.
«Milli goşun».