Resminamada bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasynyň
Prezidenti Ýun Sok Ýoluň 2024-nji ýylyň 10-11-nji iýunynda ýurdumyza döwlet
sapary boldy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar
ykdysadyýet, durmuş, medeniýet ulgamlarynda, sebit we ählumumy meselelerde
özara gyzyklanma bildirilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegi we
çuňlaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşdylar, iki ýurduň özara bähbitli
hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek, umumy gülläp ösüşe ýardam bermek
hakynda ylalaşdylar.
Döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň we
Koreýa Respublikasynyň arasynda berk we uzak möhletli gatnaşyklary guramak üçin
örän möhüm serişde hökmünde iki ýurduň halklarynyň arasynda ynsanperwer
alyşmalaryň ähmiýetini tassykladylar hem-de medeniýet, ylym, bilim, saglygy
goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegi ylalaşdylar.