milli goshun logo
Baýramyňyz gutly bolsun, merdana halkymyz!
Baýramyňyz gutly bolsun, merdana halkymyz!
21.03.2020 2024 Habarlar

Ynha, ýüreklerde şatlyk duýgularyny, ýakymly pursatlary döredip, Halkara Nowruz güni – Milli bahar baýramy ýetip geldi. Nowruz – täzelenişiň baýramy. Aslynda, «Nowruz» sözüniň manysy-da «täze gün» diýmekdir. Gadymy türkmen senenamasyna görä, ýylyň başy Nowruzdan başlanýar.

Milli bahar baýramy her bir ojaga şatlyk paýlaýar, ol birek-biregi bir saçagyň başyna jem edýän maşgala baýramçylygy. Halkara Nowruz güni mynasybetli bu gün türkmen halky ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlarymyzy dowam edip, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň parasatly baştutanlygynda agzybirlikde, asudalykda, jebislikde bir saçaga jem bolup, toý toýlaýar.

Ýetip gelen Halkara Nowruz güni – Milli bahar baýramy bilen mähriban halkymyzy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, merdana harby gullukçylarymyzy Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň döredijilik toparynyň adyndan tüýs ýürekden gutlaýarys!

Baýramçylyk gününde Siziň her biriňiziň arzuwlaryňyzyň hasyl bolmagyny, maşgalaňyzyň abadan bolmagyny, durmuşa höwes döredýän umytlaryňyzyň maksadyna gowuşmagyny arzuw edýäris.

«Milli goşun».