milli goshun logo
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
Balkan welaýatynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi
17 sagat öň 21 Habarlar

Balkan welaýatynyň edermen daýhanlary tarapyndan «ak altynyň» bereketli hasyly ýetişdirilip, pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamanyň üstünlikli berjaý edilendigi barada hoş habar gelip gowuşdy.

Şu mynasybetli hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna iberilen hatda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary depginler bilen ösdürmekde edýän taýsyz tagallalary netijesinde daýhanlarymyzyň tehnikalar, mineral dökünler, ýokary hilli tohumlar bilen üpjün edilmeginiň, döwletimiz tarapyndan dünýäniň ýokary öndürijilikli, döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagynyň, önüm öndürijiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmeginiň welaýatyň pagtaçy daýhanlaryna şeýle zähmet ýeňşini gazanmaga uly ýardam berendigi bellenilýär.

Welaýatyň ähli oba zähmetkeşleri şeýle sepgitlere ýetilmegi ugrunda döredýän giň mümkinçilikleri üçin Milli Liderimize we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ajaýyp waka mynasybetli gutlaglaryny beýan edýärler, Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýärler.