milli goshun logo
Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutany Gahryman Arkadagymyzyň adyna hat ýollady
Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutany Gahryman Arkadagymyzyň adyna hat ýollady
14 sagat öň 17 Habarlar

Onuň Alyhezreti,
türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!
Gadyrly doganym!

Ilki bilen, Size mähirli salamymy beýan edýärin. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy formatyna Azerbaýjanyň doly hukukly agza hökmünde goşulmagy bilen bagly iberen mähirli gutlag hatyňyz we hoşniýetli sözleriňiz üçin Size çuňňur hoşallygymy bildirýärin.

Daşkentde geçirilen ýedinji konsultatiw duşuşykda bu çözgüdiň kabul edilmegine doganlyk Türkmenistanyň beren goldawy üçin örän hoşaldyryn. Gatnaşyklarymyzyň dost-doganlyk ruhuny ýene bir gezek tassyklaýan bu çözgüdiň giň geografik giňişlikde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynanýaryn. Siziň Azerbaýjanyň uly syýasy abraýa, ykdysady kuwwata eýe bolan ýurt hökmünde konsultatiw duşuşyk formatyna goşulmagynyň Merkezi Aziýa sebitiniň dünýä giňişligindäki ornunyň artmagyna itergi berjek taryhy wakadygy baradaky garaýşyňyza ýokary baha berýärin.

Häzirki wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde sebitde durnukly ösüşe gönükdirilen köpugurly döwletara gatnaşyklar emele geldi. Azerbaýjan bu ýurtlar bilen bilelikde strategik ähmiýete eýe bolan ýeke-täk taryhy-medeni hem-de geosyýasy giňişligi emele getirýär. Biz sebitleýin, hususan-da, umumy taryhy, dini, medeni kökleri bolan Merkezi Aziýa döwletleri bilen okgunly ösüşi häsiýetlendirýän hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hemişe aýratyn ähmiýet berýäris. Şunuň bilen baglylykda, biz doganlyk Türkmenistan, şol sanda sebitiň beýleki ýurtlary bilen özara bähbitli gatnaşyklary ähli ugurlar boýunça has-da çuňlaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga berk ygrarlydyrys.

Hormatly doganym!

Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklary sebitleýin hyzmatdaşlygyň iň möhüm meseleleriniň açyk we oňyn dialog ruhunda ara alnyp maslahatlaşylýan, bilelikdäki dürli taslamalaryň durmuşa geçirilýän hem-de umumy garaýyşlar emele getirilýän ähmiýetli meýdançasydyr. Bu hyzmatdaşlyk formatynyň kemala gelmeginde we onuň täze derejä çykmagynda Türkmenistanyň, hususan-da, Siziň aýratyn hyzmatyňyz bardyr. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda özara hereketleriň çuňlaşdyrylmagyna goşan goşandyňyz, strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak ugrunda edýän yzygiderli we taýsyz tagallalaryňyz üçin 2023-nji ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Hormat nyşany bilen sylaglanylmagyňyz Siziň alyp barýan işleriňize berlen ýokary bahadyr. Siziň bu Hormat nyşany gowşurylanda eden çykyşyňyzy, hususan-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kuwwatynyň we jebisliginiň ähmiýeti baradaky sözleriňizi hemişe ýatlaýaryn.

Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýokary derejeli döwletara gatnaşyklar hemişe sebitimiziň gülläp ösüşine hyzmat eder. Iýul aýynda Siziň Azerbaýjana we Garabag sebitine amala aşyran saparyňyz, oktýabrda Gabala şäherinde Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň XII sammitine gatnaşmagyňyz, meniň awgust aýynda Türkmenistan — Azerbaýjan — Özbegistan ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin ýurduňyza amala aşyran saparym doganlyk gatnaşyklarymyzyň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn ösüşine berýän ünsüňiziň subutnamasydyr.

Siziň başlangyjyňyz bilen Fizuli şäherinde düýbi tutulan metjit halklarymyzyň doganlygynyň we raýdaşlygynyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr. Bu başlangyjyňyz hem sebitiň ýaşaýjylary, tutuş azerbaýjan halky tarapyndan çuňňur buýsanç we minnetdarlyk duýgulary bilen garşylanyldy.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Pursatdan peýdalanyp, 2026-njy ýylda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna Türkmenistanyň başlyklyk etjekdigi mynasybetli Sizi tüýs ýürekden gutlaýaryn, ýurduňyza we halkyňyza rowaçlyklary arzuw edýärin. Geljek ýyl Türkmenistanda täze — “Merkezi Aziýa we Azerbaýjan” formatynda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyna çakylygyňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin. Çakylygyňyzy uly höwes bilen kabul edýändigimi beýan edýärin. Doganlyk Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçiriljek bu ýokary derejeli duşuşygyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky, umuman, tutuş sebit hyzmatdaşlygynyň bar bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmäge ýardam etjekdigine, onuň täze gözýetimlerini açjakdygyna, sebitiň durnukly we yzygiderli ösüşine uly goşant goşjakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, alyp barýan döwlet işleriňizde üstünlik, doganlyk Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Ilham ALIÝEW,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.