Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň
Hökümetiniň we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Birleşen Milletler Guramasy
bilen bilelikde guramagynda «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny:
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek»
atly halkara maslahat geçirildi.
Bilelikdäki resmi surata düşmek dabarasy tamamlanandan
soň, halkara maslahata gatnaşyjylar kaşaň binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan
sergini synladylar. Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly wakanyň
hormatyna guralan sergide Türkmenistanyň geçen 30 ýylyň içinde daşary syýasatda
ýeten sepgitleri, bu ugurda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berýän
gymmatlyklar görkezildi.
Serginiň esasy gymmatlyklary bolsa amaly-haşam sungatynyň
eserlerinden ybarat boldy. Taryhdan belli bolşy ýaly, türkmen gelin-gyzlary eli
çeper zenanlar hökmünde ykrar edilipdir. Olaryň el hünäri dürli görnüşler üçin
nusgalyk bolupdyr. Gelin-gyzlarymyzyň elinden çykan nepis halylar, keşdeler,
nagyşlar we beýleki önümler şahyrlaryň, bagşylaryň, suratkeşleriň baş mowzugyna
öwrülipdir.
Zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuna bagyşlanan halkara
maslahatyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan sergide gelin-gyzlaryň döreden
gymmatlyklaryna, olar üçin niýetlenen şaý-seplere möhüm orun berilmegi halkara
maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň ähmiýetini artdyrýar. Türkmen
halky gelin-gyzlaryna aýratyn sarpa goýupdyr. Taryhda maşgala ojaklarynyň
eýesini başynyň täjine deňän gelin-gyzlary üçin sünnälik bilen ajaýyp
şaý-sepleri döredipdir. Dürli döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan şaý-sepler
asyrlar aşsa-da gymmatyny ýitirmän gelýär.
Soňra «Häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny:
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly
halkara maslahat öz işine başlady. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň başlyklyk
etmeginde geçirilen maslahata dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan wekiliýetler
gatnaşdy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça
wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa maslahaty açyp, hemmelere «Häzirki zaman
jemgyýetinde zenanlaryň orny: Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda halkara
hyzmatdaşlygy ösdürmek» atly halkara foruma gatnaşýandyklary üçin minnetdarlyk
bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
wise-prezidenti hökmünde şu günki dialogy alyp barmagyň özi üçin uly
hormatdygyny belläp, bu maslahatyň 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynyň hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň
öňüsyrasynda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetine ünsi çekdi.
– Biz zenanlaryň jemgyýetiň durnuklylygyny kesgitleýän
möhüm şertler bolan parahatçylyga, maşgala durmuşyna, bilime, saglygy goraýşa,
ykdysadyýete hem-de ynsanperwer ugra goşýan ägirt uly goşantlaryny ara alyp
maslahatlaşmak üçin jemlendik — diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy hem-de şu
günki maslahata gatnaşyjylary zenanyň parahatçylygyň, döredijiligiň we ruhy
sütüniň çeşmesi diýlip ykrar edilmegine, häzirki zaman dünýäsinde bolsa onuň
ornunyň adaty düşünjeleriň çäklerinden has giňligine bolan berk ynamyň
birleşdirýändigini belledi.
Şeýle hem gaznanyň wise-prezidenti plenar mejlis
tamamlanandan soň, maslahatyň öz işini mowzuklaýyn bölümlerde dowam
etjekdigini, oňa gatnaşyjylara işjeň we ähmiýetli dialogyň garaşýandygyny
nygtap, hemmelere netijeli işi arzuw etdi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri
boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyşyny Birleşen Milletler
Guramasynyň resmi dillerinden biri bolan rus dilinde dowam edip, şu günki
maslahatda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy hem-de bu maslahatyň
geçirilmeginiň asylly däbe öwrüljekdigine ynam bildirdi.
– Bu maslahaty guramak bilen, biz onuň zenanlaryň häzirki
zaman dünýäsinde eýeleýän ornuna, aýry-aýry ýurtlarda, şeýle hem dünýä
möçberinde sazlaşykly ynsanperwer we adalatly jemgyýeti döretmekde wezipesine
dogry we jogapkärçilikli baha bermäge ýardam berjekdiginden ugur aldyk. Şeýle
hem biz bu maslahatyň tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança boljakdygyna, bu
ulgamda bilelikdäki halkara işiň mümkinçiliklerini has anyk kesgitlemäge ýardam
berjekdigine ynanýarys diýip, Oguljahan Atabaýewa aýtdy.
Gaznanyň wise-prezidenti sözüni dowam edip, şu günki
duşuşygyň halkara gün tertibiniň hemmelerden diňe bir ynsanperwerlige
ygrarlydygyny tassyklamagyny däl, eýsem, döwletleri birleşdirýän anyk
çözgütleri tapmagy talap edýän möhüm döwürde geçýändigine ünsi çekdi.
– Şu günki maslahatyň konsepsiýasynyň esasyny düzýän
pikir, ýagny häzirki zaman zenanynyň maşgalany, bilimi, saglygy goraýşy,
ynsanperwer ulgamy we durmuş ösüşini baglanyşdyrýan orny barada aýtmak bilen,
bu düşünjäni has içgin açmak isleýärin diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi
hem-de hut zenanyň çagada ilkinji durmuş gymmatlyklaryny kemala getirýändigini,
maşgalada ynanyşmak ýagdaýyny döredýändigini, parahatçylyk, hormat goýmak we
ynanyşmak medeniýetini terbiýeleýändigini aýratyn nygtady. Şunuň bilen
baglylykda, haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti «Eger-de onýyllyklar üçin
parahatçylygy gurmak isleseň, çagalary terbiýele! Eger asyrlarboýy parahatçylyk
gurmak isleseň, onda zenanlary golda!» diýen pähimi ýatlatdy. Şeýle hem belli
ispan dramaturgy Lope de Weganyň: «Zenany hormatlamak her bir asylly adamyň
doglan pursadyndan boýun bolmaly borjudyr» diýen sözlerini belledi. Nygtalyşy
ýaly, bu jümleler şu günki duşuşygyň asyl mazmunyny beýan edýär.
Mälim bolşy ýaly, türkmen jemgyýeti zenana hormat we
sarpa goýmak esasynda gurlandyr. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Enä tagzym —
mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde biziň durmuşumyzdaky ähli
gowulyklaryň ene bilen baglanyşyklydygyny belleýär. Bu günki gün bu
gymmatlyklar zenanlaryň saglygy goraýyş, bilim, ynsanperwer, durmuş,
telekeçilik ulgamlarynda we beýleki ugurlarda mümkinçiliklerini giňeltmäge
gönükdirilen döwlet syýasatynda öz beýanyny tapýar.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bu ugurda birnäçe giň
möçberli maksatnamalary durmuşa geçirýär. Şolaryň hatarynda eneleriň we çagalaryň
saglygyny goramak, ÝUNISEF bilen hyzmatdaşlykda çagalar üçin mekdepleri we
hassahanalary döretmek, ýöriteleşdirilen merkezlerde çagalaryň saglygyny
dikeltmek, degişli sebitlere halkara ynsanperwer goldawyny bermek boýunça
maksatnamalar bar.
Gazna her bir çaganyň saglyga, alada, goraga we umyda
bolan hukugyny üpjün etmek boýunça düşnükli we şol bir wagtyň özünde möhüm
wezipäni ýerine ýetirýär. Şeýle hem Oguljahan Atabaýewa Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň ähmiýetini belläp, bu dialogyň
parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmäge, ynsanperwer we durmuş gün tertibini
ilerletmäge netijeli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga goşant goşmak boýunça
zenanlaryň syýasy, ynsanperwer we jemgyýetçilik tagallalaryny birleşdirmek üçin
özboluşly meýdança bolandygyny nygtady.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda biz halkara
hyzmatdaşlyk mehanizmlerine, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda Birleşen
Milletler Guramasynyň çäklerinde täze netijeli formatlary hem-de platformalary
döretmäge goşant bolup biljek anyk teklipleri öňe sürmäge çalyşýarys diýip,
gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa belledi hem-de türkmen tarapynyň
hyzmatdaşlar bilen bilelikde işlemäge taýýar birnäçe başlangyçlary bilen
tanyşdyrdy.
Birinji başlangyç: Çagalaryň saglygy hakynda ählumumy
pakt. Bu teklibiň mazmuny «her bir çaganyň saglyga hukugy bardyr» diýen jümlede
öz beýanyny tapýar. Bu başlangyjyň çäklerinde halkara derejede bu ugurda
tagallalary birleşdirmek üçin platformalaryň biri bolup biljek çaga saglygy
hakyndaky halkara paktyny döretmek teklip edilýär. Ýaşaýan ýerine,
jemgyýetçilik derejesine ýa-da ýaşaýyş-durmuş şertlerine garamazdan, çagalaryň
saglygy üçin döwletleriň we halkara guramalaryň bitewi jogapkärçilik gurşawyny
döretmek bu başlangyjyň maksadydyr.
Pakt özünde: elýeterli çaga lukmançylygynyň köpugurly
standartlaryny, şol sanda howply keselleriň waksinasiýasyny, irki anyklaýşyny
we bejergisini; ösüp barýan ýurtlarda öňdebaryjy çözgütleriň elýeterliligini
üpjün etmek üçin tehnologiýalary we lukmançylyk innowasiýalaryny alyşmak
mehanizmini; göwreli zenanlary, ýaş eneleri we bäş ýaşa çenli çagalary
goldamaga gönükdirilen enelik we irki ösüş maksatnamalaryny; çagalaryň
zerurlyklaryna gönükdirilen hassahanalary, mekdepleri we sagaldyş-dikeldiş
merkezlerini döretmek ýaly infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara
maksatnamalary; ýurtlaryň bu ugurdaky ösüşleri deňeşdirmekleri hem-de wehimlere
garşy bilelikde çäre görmekleri üçin çagalaryň saglyk ýagdaýy barada
gözegçiligi, seljeriş panellerini we her ýylky hasabatlary jemläp biler.
Çagalaryň saglygy baradaky ählumumy pakt BMG-niň,
ÝUNISEF-niň, BSGG-niň, hökümetleriň we ynsanperwer gaznalaryň tagallalaryny
birleşdirýän hem-de çagalaryň saglygy babatda deňsizlige ýol bermezlik barada
halkara ynsanperwer ylalaşygy emele getirýän gural, ýagny täzelenen ählumumy
ylalaşyk bolup biler.
Ikinji başlangyç: «Ynsanperwer merkezler» atly zenanlary
we çagalary goldamak merkezleriniň halkara tory. Bu başlangyç ynsanperwer
goldawyň ählumumy infrastrukturasynyň — gapma-garşylyklar, tebigy
betbagtçylyklar, migrasion akymlar ýa-da sosial çökgünlikler bilen ýüzbe-ýüz
bolýan ýurtlarda ýerleşdiriljek Ynsanperwer merkezleriň torunyň döredilmegini
göz öňünde tutýar.
Her bir merkez birbada birnäçe wezipeleri, hususan-da,
zenanlara we çagalara lukmançylyk we psihologik kömegi, şol sanda şikeslerden
we stresslerden soňra dikeldiş kömegini bermek; çagalaryň çökgünlik wagtynda
okuwa elýeterliligini üpjün etmek üçin bilim maksatnamalary we howpsuz okuw
gurşawyny döretmek; zenanlara durmuş we hukuk goldawyny bermek, şol sanda
resminamalaryny dikeltmek, hukuklaryny goramak, çylşyrymly durmuş ýagdaýynda
goldamak; azyk önümleri, gorag, wagtlaýyn ýerleşdirmek, göçme lukmançylyk toparlary
ýaly dessin ynsanperwer kömegi bermek ýaly wezipeleri ýerine ýetirip biler.
ÝUNISEF, BSGG, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, Ilat gaznasy,
BMG — Zenanlar ýaly möhüm düzümleriň, iri haýyr-sahawat gaznalarynyň we
jemgyýetçilik guramalarynyň tagallalaryny birleşdirýän bitewi halkara
platformanyň döredilmegi bu başlangyjyň möhüm bölegidir.
– «Ynsanperwer merkezler» diňe bir ýardam merkezleri
bolman, eýsem, zenanlara we çagalara yzygiderli goldaw berýän ählumumy
ynsanperwer binýady emele getirýän hyzmatdaşlyk, tejribe alyşmak we
hünärmenleri taýýarlamak giňişligi hem bolup biler diýip, Oguljahan Atabaýewa
aýtdy hem-de beýan edilen başlangyçlaryň halkara jemgyýetçilikde goldaw
tapjakdygyna ynam bildirdi. Şeýle hem haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti
türkmen tarapynyň bu başlangyçlary durmuşa geçirmek boýunça netijeli dialoga
taýýardygyny tassyklady.
Çagalar bilen her gün işlänimde, men olaryň ruhy
güýjüniň, hemişe bolmasa-da, kähalatlarda uly ýaşly adamlaryň
mümkinçiliklerinden artyk gelýändigini görýärin. Olar bize mertligi,
sabyrlylygy, päk göwünliligi öwredýärler. Olar bize uly ýaşly adamlaryň
wezipesiniň durmuşy çylşyrymlaşdyrman, eýsem, ony gorap saklamalydygyny
ýatladýarlar diýip, Oguljahan Atabaýewa belledi hem-de hut zenanlaryň bu
wezipäni mynasyp ýerine ýetirýändiklerine ünsi çekdi.
Çykyşynyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hemmeleri çagalardan
görelde almaga we olar üçin parahat geljegi gurmaga çagyrdy.
Soňra plenar mejlise gatnaşyjylaryň çykyşlary diňlenildi.
Çykyş etmek üçin, ilki bilen, Birleşen Milletler
Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş
direktory Tatýana Walowaýa söz berildi.
T.Walowaýa gender deňliginiň üpjün edilmeginiň, Durnukly
ösüş maksatlarynyň gazanylmagynyň häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň biri bolup
durýandygyny belledi. Şunuň bilen bir hatarda, zenanlaryň hukuklaryny
ilerletmekde, olaryň döwlet durmuşyna işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde halkara
guramalaryň möhüm ähmiýeti bellenildi. Şunda BMG-niň durmuşa geçirýän işlerine
uly orun degişlidir. Şunuň bilen birlikde, ýaşlaryň we zenanlaryň bilime we
saglygy goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligini üpjün etmek babatda tejribe
alyşmagyň möhümdigi bellenildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň
orunbasary Türkmenistanyň bu ugurda amala aşyrýan işlerine ýokary baha berdi.
Gaznanyň wise-prezidenti çuňňur manyly çykyşy üçin
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasaryna minnetdarlyk bildirip, onuň beýan eden
meseleleriniň gender deňliginiň ýörelgelerini ilerletmekde, dialogy
pugtalandyrmakda we durnukly ösüşe ýetmäge gönükdirilen başlangyçlaryň
utgaşdyrylmagyny giňeltmekde halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny görkezýändigini
aýtdy. Bellenilişi ýaly, aýratyn-da, döwletleriň we halkara guramalaryň
zenanlary goldamak, olaryň durmuş-ykdysady proseslere gatnaşmagyny artdyrmak we
durnuklylygy pugtalandyrmak boýunça utgaşdyrylan hereketlerini üpjün edýän
köptaraply hyzmatdaşlyk mehanizmlerini işjeňleşdirmäge ünsi çekmek möhümdir.
Şunuň bilen baglylykda, Oguljahan Atabaýewa Türkmenistanda halkara borçnamalary
ýerine ýetirmek boýunça toplumlaýyn çemeleşmäni öňe sürmek we ählumumy derejede
inklýuziw jemgyýetleriň ösüşine ýardam bermek maksady bilen, BMG-niň
ýöriteleşdirilen edaralarynyň we sebitleýin merkezleriniň işini
pugtalandyrmakda Tatýana Walowaýanyň goşandyna ýokary baha berilýändigini
nygtady.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň
ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa söz berildi.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň
ýolbaşçysy bildirilen myhmansöýerlik we forumyň ýokary guramaçylyk derejesi
üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirip,
maslahatyň gün tertibine girizilen meseleleriň maşgala institutyny ösdürmekde
we zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny berkitmekde möhüm ähmiýetini belledi.
Şeýle hem S.Mirziýoýewa forumyň dowamynda zenanlaryň hukuklaryny we
mümkinçiliklerini giňeltmek üçin täze çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanyljakdygyna
ynam bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa Saida Mirziýoýewa baý mazmunly çykyşy
üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onda durmuş taýdan goragyň, çagalara
we maşgalalara goldaw bermegiň, şeýle hem ähli raýatlar üçin deň
mümkinçilikleri döretmegiň möhümdiginiň nygtalýandygyny aýtdy.
Gaznanyň wise-prezidenti bu çykyşyň döwletara
gatnaşyklary pugtalandyrmaga, inklýuziw we durmuş taýdan jogapkärçilikli
jemgyýetiň ösmegine goşant goşýan bilelikdäki taslamalary hem-de durmuş ugurly
başlangyçlary işläp taýýarlamaga ulgamlaýyn çemeleşmäni aýdyň beýan edýändigini
belläp, Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysyna çuňňur
manyly çykyşy üçin ýene bir gezek minnetdarlyk bildirdi.
Soňra Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa
söz berildi.
Leýla Aliýewa şunuň ýaly möhüm halkara maslahata
gatnaşmaga çakylyk hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallyk
bildirip, häzirki döwürde zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny
pugtalandyrmagyň, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamagyň möhüm ähmiýetini
belledi hem-de Hazar deňziniň ajaýyp kenarynda geçirilýän bu maslahatyň
netijeleriniň bu ugurda uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin berk binýat
goýjakdygyna ynam bildirdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çykyşy üçin
Geýdar Aliýew gaznasynyň wise-prezidentine minnetdarlyk bildirdi. Bellenilişi
ýaly, Leýla Aliýewanyň beýan eden pikirleri özara düşünişmegi pugtalandyrmaga
we ählumumy derejede durmuş taýdan ähmiýetli taslamalary goldamaga gönükdirilen
ynsanperwer hem-de medeni başlangyçlaryň möhümdigini görkezýär. Şunuň bilen
baglylykda, çagalary we ýaşlary goldamaga, bilim we medeni başlangyçlary
ösdürmäge, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm
we uzak möhletli maksatnamalary amala aşyrýan Geýdar Aliýew gaznasynyň möhüm
orny bellenildi.
Soňra gaznanyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş
etmek üçin San-Tome we Prinsipi Demoktarik Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň
Başlygy Selmira du Sakramentuwa söz berdi.
Selmira du Sakramentu bu halkara maslahata
gatnaşýandygyna şatdygyny aýdyp, forumyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak
üçin, hususan-da, gender deňligi babatda maksady gazanmak üçin utgaşdyrylan
hereketleri işläp taýýarlamakda we öňdebaryjy tejribäni alyşmakda möhüm
platforma bolup durýandygyny belledi we forumyň işine üstünlikleri arzuw etdi.
San-Tome we Prinsipiniň Milli Assambleýasynyň Başlygy
gender deňligini üpjün etmegiň häzirki döwrüň möhüm wezipesidigini belläp, bu
babatda Türkmenistanyň toplan tejribesine ýokary baha berdi.
Oguljahan Atabaýewa myhmana çykyşy üçin minnetdarlyk
bildirip, onda San-Tome we Prinsipiniň demokratik institutlaryň işini
pugtalandyrmaga, syýasy we jemgyýetçilik proseslerinde zenanlaryň hukuklaryny
hem-de mümkinçiliklerini giňeltmäge ygrarlydygyny görkezýän işleriň beýan
edilýändigini, munuň bolsa halkara bileleşigiň ählumumy derejede ileri tutulýan
ugurlaryna laýyk gelýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, köptaraplaýyn
hyzmatdaşlyk, dialog we milli parlamentleriň arasynda tejribe alyşmak
meselelerine aýratyn üns çekildi, bu bolsa kanun çykaryjylyk işiniň
netijeliligini ýokarlandyrmak we halkara borçnamalary durmuşa geçirmek üçin
möhüm guraldyr.
Soňra Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň
orunbasary Dilrabo Mansuri Saýdullo çykyş etdi. Ol halkara maslahata gatnaşmaga
çakylyk we sahawatly türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk
bildirip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň
Başlygynyň binýadyny goýan we Türkmenistanyň Prezidentiniň mynasyp durmuşa
geçirýän döwlet syýasatynda zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny
pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berilýändigini belledi hem-de forumyň jemleriniň
şol asylly işlere kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti dostlukly ýurduň
Premýer-ministriniň orunbasaryna çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, onuň
zenanlara durmuş taýdan goldaw bermek we maşgala institutyny berkitmek bilen
bagly beýan edenleriniň Täjigistanyň bu ugra ulgamlaýyn çemeleşýändiginiň aýdyň
subutnamasydygyny aýtdy.
– Özara gatnaşyklaryň tejribesi halkara hyzmatdaşlygyň we
tejribe alyşmagyň möhüm durmuş meselelerini çözmek üçin şertleri döredýändigini
görkezýär. Köptaraplaýyn meýdançalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň bilelikdäki
başlangyçlaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Çykyşyňyz üçin Size ýene-de bir gezek minnetdarlygymy bildirýärin diýip,
Oguljahan Atabaýewa belledi.
Soňra Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili
Aksoltan Ataýewa söz berildi.
A.Ataýewa zenanlaryň hukuklaryny goramagyň häzirki döwrüň
möhüm meseleleriniň biridigini aýdyp, bu ugurda Türkmenistanyň BMG bilen
netijeli hyzmatdaşlyk edýändigini belledi.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş
Assambleýasynyň degişli Kararnamasyna laýyklykda şu ýylyň “Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigini belläp, A.Ataýewa bu ýylda
Türkmenistanda sebitara we halkara derejedäki çäreleriň geçirilýändigini aýtdy.
Bu halkara forum munuň aýdyň beýanydyr.
Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekiliniň
belleýşi ýaly, Türkmenistanda zenanlaryň we çagalaryň saglyklaryny hem-de
hukuklaryny goramak meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Şunda Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işine möhüm orun degişlidir.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çuňňur
manyly çykyşy üçin minnetdarlyk bildirip, onda Aksoltan Ataýewanyň adam
maýasyny ösdürmek, innowasion işler we medeni mümkinçilikler babatda
Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny belläp geçendigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, beýan edilen çemeleşmeler milli bilim
ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, ylmy mümkinçilikleri pugtalandyrmaga we ýaşlaryň
arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini goldamaga yzygiderli üns berilýändigini
görkezýär. Türkmenistan köpugurly dialogy ösdürmäge, gender deňligini
ilerletmäge we Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge uly goşant goşýar.
Halkara bileleşigiň zenanlaryň we ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin amatly
şertleri döretmek ugrunda edýän tagallalaryny goldamak möhümdir.
Soňra Eswatini Patyşalygynyň içeri işler ministri Lindiwe
Dlaminä söz berildi.
Lindiwe Dlamini halkara maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin
türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Zenanlaryň jemgyýetde
eýeleýän ornuny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin tagallalary birleşdirmegiň
möhümdigini belläp, şu günki forumyň netijeleriniň gender deňligini, zenanlaryň
hukuklaryny ilerletmek wezipelerini durmuşa geçirmäge ýardam berjekdigine ynam
bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa baý mazmunly çykyşy üçin Lindiwe
Dlaminä minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň çykyşynda beýan edilen ileri tutulýan
ugurlaryň durmuş we ykdysady meseleleri çözmäge, ýaşlaryň mümkinçiliklerini
giňeltmäge we zenanlaryň jemgyýetçilik durmuşyndaky ornuny pugtalandyrmaga
toplumlaýyn çemeleşmeleri durmuşa geçirmek maksadyna gönükdirilendigini
belledi.
Gaznanyň wise-prezidenti aýdylan pikirleriň we
çemeleşmeleriň ählumumy derejede bilelikde işlemäge ygrarlylygy görkezýändigini
nygtap, munuň halkara giňişlikde dialogyň we özara düşünişmegiň ösdürilmegine
uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra Malaýziýanyň zenanlar, maşgala we jemgyýetçilik
ösüşi ministri Dato Şri Haja Nensi Şukri çykyş etdi. Ol Türkmenistanda
geçirilýän halkara maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
Şeýle giň gerimli forumyň geçirilmegi zenanlaryň işjeňliginiň ýokarlanýandygyna
şaýatlyk edýär. Şunuň bilen bir hatarda, Malaýziýanyň zenanlar, maşgala we
jemgyýetçilik ösüşi ministri zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny
pugtalandyrmak boýunça halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belläp, şeýle
çemeleşmäniň oňyn netije berjekdigine ynam bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa çykyşy üçin myhmana hoşallyk bildirip,
zenanlaryň döwlet işiniň degişli ugurlarynyň ösdürilmegine gatnaşmagynyň sagdyn
jemgyýeti kemala getirmekde möhüm ähmiýete eýedigini nygtady hem-de bilim
almaga deň derejede elýeterliligi üpjün etmäge, gorag we durmuş-ykdysady
mehanizmleri pugtalandyrmaga, şeýle hem ýaşlaryň we maşgalanyň ösüşi üçin
mümkinçilikleri giňeltmäge üns berilýändigini bellemegiň ýakymlydygyny aýtdy.
Beýan edilen bu iş ugurlary inklýuziw ösüşi ilerletmek, zenanlaryň hukuklaryny
goramak we jemgyýetiň jebisligini berkitmek üçin örän möhümdir.
Halkara forum Kataryň Daşary işler ministrliginiň halkara
hyzmatdaşlyk boýunça döwlet ministri Marýam bint Ali Al-Misnediň çykyşy bilen
dowam etdi. Ol, ilki bilen, dünýäniň köp sanly ýurtlarynyň zenan ýolbaşçylaryny
bir ýere jemlän maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny nygtap, bu
maslahata gatnaşmaga çakylyk üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Marýam bint Ali Al-Misned zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän
ornuna bagyşlanan halkara maslahatyň dünýä jemgyýetçiligi üçin taryhy ähmiýetiniň
bardygyny belläp, soňky ýyllarda zenanlaryň durmuşyň dürli ulgamlarynda
işjeňlik görkezýändiklerini nygtady we şu günki maslahatyň olaryň hukuklaryny
giňeltmek babatda alnyp barylýan işlere täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Gaznanyň wise-prezidenti jemgyýetçilik durmuşynda
zenanlaryň ornuny pugtalandyrmak bilen bagly möhüm ugurlary, şeýle hem durmuş
we ynsanperwer ulgamlarda halkara dialogy hem-de hyzmatdaşlygy ösdürmäge
gönükdirilen çemeleşmeleri beýan eden şeýle giňişleýin çykyşy üçin dostlukly ýurduň
döwlet ministrine minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, munuň özi bir aý mundan ozal Dohada
geçirilen Durmuş ösüşi boýunça ikinji Bütindünýä sammiti bilen baglylykda,
möhüm ähmiýete eýedir. Zenanlaryň ýolbaşçylygyny goldamak, bilim maksatnamalaryny
ösdürmek, hünär taýdan ösüş üçin mümkinçilikleri döretmek we zenanlaryň
çözgütleri kabul etmek proseslerine gatnaşmagy häzirki zaman jemgyýetini
ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biridir.
Soňra Eýranyň Hökümetiniň metbugat sekretary Fatemeh
Mohajeranä söz berildi.
Fatemeh Mohajerani foruma gatnaşmaga döredilen
mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, zenanlaryň hukuklarynyň
giňeldilmeginiň, olaryň döredijilik ukyplarynyň durmuşa geçirilmegi üçin
mümkinçilikleriň döredilmeginiň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň esasy
şertleriniň biridigini belledi we şu günki maslahatyň bu ugurda halkara
tagallalary utgaşdyrmaga ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa Eýranyň Hökümetiniň metbugat
sekretaryna şeýle täsirli we maglumata baý çykyşy üçin minnetdarlyk bildirdi
hem-de şu gün bu ýerde derwaýys meseleler boýunça pikir alyşmaga, zenanlaryň
gatnaşmagynda sebit we halkara derejede hyzmatdaşlyk üçin platforma döretmäge
mümkinçiligiň bardygyna kanagatlanma bildirdi.
Soňra Russiýa Federasiýasynyň Federasiýa Geňeşiniň Durmuş
syýasaty boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Žanna Çefranowa söz
berildi.
Žanna Çefranowa zenanlaryň durmuşyň ähli ulgamlarynda
eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin köptaraplaýyn dialogy we hyzmatdaşlygy
giňeltmegiň möhüm ähmiýetini belläp, bu ugurda Türkmenistanda durmuşa
geçirilýän işlere ýokary baha berdi.
Şeýle hem RF-niň Federasiýa Geňeşiniň Durmuş syýasaty
boýunça komitetiniň başlygynyň birinji orunbasary Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň alyp barýan işiniň ähmiýetini belläp, Türkmenistanyň bu maslahata
guramaçy bolup çykyş etmeginiň ynsanperwer ýörelgelere berk ygrarlydygyna
şaýatlyk edýändigini nygtady.
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti çuňňur manyly
çykyşy üçin Žanna Çefranowa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, onuň öňe süren
başlangyçlarynyň netijeli durmuş gün tertibini kemala getirmekde hem-de
raýatlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goraýan institutlaryň işini pugtalandyrmakda
parlamentara dialogyň ähmiýetini açyp görkezýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, zenanlaryň jemgyýetçilik-syýasy
proseslere gatnaşmagyna ünsi çekmek örän möhümdir. Şunuň bilen baglylykda,
Oguljahan Atabaýewa bu meseläni ara alyp maslahatlaşmagyň hem-de durmuş
syýasatynda, maşgalany, eneligi we çagalygy goldamak ýaly ugurlarda zenanlaryň
çözgütleri işläp taýýarlamak boýunça ornuny iş ýüzünde pugtalandyrmagyň
möhümdigini nygtap, dostlukly ýurduň wekiliniň beýan eden çemeleşmeleriniň
kanun çykaryjy mehanizmleri kämilleşdirmek, sosial institutlary ösdürmek we
durmuş üpjünçiligi ulgamyny berkitmek ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işleri
görkezýändigini belledi.
Soňra çykyş etmek üçin Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň
wise-prezidenti we Sekretariatynyň birinji agzasy Huan Sýaoweýe söz berildi.
Huan Sýaoweý şu günki çäräniň BMG-niň Durnukly ösüş
maksatlaryny, hususan-da, gender deňligine bagyşlanan bäşinji maksadyny
gazanmaga gönükdirilen bilelikdäki strategiýalary işläp taýýarlamak we tejribe
alyşmak üçin netijeli platforma bolup durýandygyny belledi we köptaraplaýyn
dialogyň bu ugurdaky wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge mümkinçilik
döredýändigini aýtdy.
Oguljahan Atabaýewa Ählihytaý zenanlar federasiýasynyň
wise-prezidentine minnetdarlyk bildirip, onuň beýan eden başlangyçlarynyň
ýurduň durmuş, ykdysady we jemgyýetçilik taýdan ösüşinde zenanlaryň barha
pugtalanýan ornuny, şeýle hem zenanlaryň arasynda halkara hyzmatdaşlygy
ösdürmegiň möhüm ähmiýetini görkezýändigini belledi.
Zenanlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge, maşgalalara
durmuş taýdan goldawy artdyrmaga, zenanlaryň çözgütleri kabul etmek we durmuş
syýasatyny emele getirmek proseslerine gatnaşygyny işjeňleşdirmäge aýratyn üns
berilýär. Şunuň bilen baglylykda, gaznanyň wise-prezidenti hytaý tarapynyň
sosial infrastrukturany gowulandyrmak, mümkinçiliklere deň elýeterliligi üpjün
etmek, şeýle hem gender deňligini we oňyn durmuş özgertmelerini ilerletmek boýunça
yzygiderli işleri durmuşa geçirýändigini bellemegiň ýakymlydygyny aýtdy.
Soňra Gazagystan Respublikasynyň saglygy goraýyş ministri
Akmaral Alnazarowa çykyş edip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen
tarapyna hoşallyk bildirdi we gender deňligini üpjün etmek, zenanlaryň saglygy
goraýyş hyzmatlaryna elýeterliligini giňeltmek boýunça halkara tagallalary
utgaşdyrmakda şu günki maslahatyň ähmiýetini belledi.
Oguljahan Atabaýewa baý mazmunly çykyşy üçin goňşy ýurduň
saglygy goraýyş ministrine çuňňur minnetdarlyk bildirip, milli, sebit we
halkara derejelerde saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmäniň
jemgyýetiň abadançylygyna we ösüşine gönüden-göni täsir edýändigini aýtdy.
Munuň özi durmuş ulgamynyň ösüşi we, umuman, raýatlaryň goraglylygy bilen berk
baglanyşyklydyr. Şeýle hem gaznanyň wise-prezidenti netijeli dialogyň,
ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek üçin tejribe alyşmagyň zerurdygyny
belledi.
Maslahat Gyrgyz Respublikasynyň bilim ministri Dogdurkul
Kendirbaýewanyň çykyşy bilen dowam etdi.
Dogdurkul Kendirbaýewa şu günki geçirilýän forumyň möhüm
ähmiýetini belläp, zenanlaryň bilime we saglygy goraýşa elýeterliligini
gowulandyrmak üçin halkara dialogy dowam etmegiň zerurdygyny belledi. Şeýle hem
ol köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň gender deňligini üpjün etmek babatda halkara
standartlary milli strategiýalara ornaşdyrmaga ýardam berýändigini aýdyp, şu
günki maslahatyň netijeleriniň zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornunyň
pugtalandyrylmagyna saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Gyrgyz
Respublikasynyň bilim ministrine minnetdarlyk bildirip, onuň çykyşynda durmuş
we ynsanperwer ulgamlarynda ýüze çykýan umumy meseleleri çözmek üçin halkara
hyzmatdaşlygyň we döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmagyň
möhümdigini belläp geçendigini aýtdy. Nygtalyşy ýaly, köptaraplaýyn forumlaryň
we hökümetara düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem
zenanlary, ýaşlary we maşgalalary goldamak üçin iň gowy tejribeleri alyşmak halkara
giňişlikde tagallalary birleşdirmäge we bilelikdäki çözgütleri işläp
taýýarlamak üçin bitewi platformany döretmäge ýardam berýär. Beýan edilen
garaýyşlar dialogy pugtalandyrmaga, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we
forumyň umumy gün tertibini ilerletmäge goşant goşar.
Soňra Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan
Atabaýewa maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, hemmelere baý mazmunly, täsirli we
ruhlandyryjy çykyşlary üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de şu günki maslahatyň
dowamynda möhüm hakykata: zenanyň parahatçylygy döredijidigine, ynsanperwerligi
saklaýjydygyna we durnukly ösüşiň daýanjydygyna göz ýetirilendigini belledi.
– Goý, şu gün beýan edilen garaýyşlar tutuş adamzat
jemgyýetine peýda getirjek täze halkara başlangyçlar, hyzmatdaşlyklar we
taslamalar üçin esas bolup hyzmat etsin diýip, gaznanyň wise-prezidenti belledi
hem-de bu maslahatyň netijeleri boýunça şu gün kabul ediljek jemleýji
resminamanyň ynsanperwer ulgamdaky halkara tagallalara uly goşant boljakdygyna
we bilelikdäki ädimleriň geljekde iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginde öz beýanyny
tapjakdygyna ynam bildirdi.
Oguljahan Atabaýewa hemmeleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky
Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň
adyndan 12-nji dekabrda belleniljek Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlap,
halkara ynsanperwer giňişlikde mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyk etmäge,
tejribe alyşmaga we mätäçlere goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady hem-de
maslahata gatnaşyjylara rowaçlyk, ruhubelentlik, täze üstünlikleri arzuw etdi.
***
Soňra halkara maslahat öz işini «Zenanlaryň we çagalaryň
bähbidine döwlet dolandyryşy we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan alnyp
barylýan işler», «Zenanlar üçin ykdysady mümkinçilikler», «Bilim, çagalary
terbiýelemek, saglygy goraýyş we ekologiýa ulgamlarynda zenanlaryň
jemgyýetçilik işjeňligi» atly bölümlerde dowam etdi. Olarda döwlet
düzümleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri döwlet
dolandyryş institutlarynyň maşgala gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda we gender
deňligini üpjün etmekde möhüm ornuny bellediler. Şeýle hem jemgyýetçilik
institutlarynyň, şol sanda haýyr-sahawat gaznalarynyň alyp barýan işine aýratyn
üns çekildi. Şunuň bilen birlikde, durmuş-ynsanperwer ulgamda zenanlaryň bilime
we saglygy goraýşa elýeterliligini gowulandyrmak üçin köptaraplaýyn dialogyň
möhüm ähmiýeti bellenildi. Ykdysady ulgamda hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň
zenan telekeçiligini ösdürmäge we zähmet bazarynda zenanlaryň ornuny
pugtalandyrmaga ýardam berýändigi nygtaldy.
***
Forumyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň
birnäçesine, şol sanda: Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) arasynda özara düşünişmek hakynda
Ähtnama; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF)
Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa
geçirmek babatda Türkmenistanyň Mejlisi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky
wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Mejlisi bilen
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deňligini
kanunçylykda ilerletmek üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek»
atly 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň
Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin
Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna;
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Türkmenistanda 2026 — 2030-njy
ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň maksatnamasyny
durmuşa geçirmek, şeýle hem ýaşlaryň bedenterbiýäni we sporty, parahatçylygy,
gender deňligini ilerletmäge gatnaşmagynyň gurallaryny pugtalandyrmak» atly
2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň
Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin
Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Telewideniýe,
radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen ÝUNISEF-niň
Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen
Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 —
2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň
Ýokary kazyýeti bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl
üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti bilen Birleşen Milletler
Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Kazyýet işinde gender deňligini ilerletmek
üçin ulgamy we gurallary pugtalandyrmaga ýardam etmek» atly 2026-2027-nji
ýyllar üçin Iş meýilnamasyna»; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar
gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin
Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Baş prokuraturasy bilen
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna;
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan
boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky
wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler
Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy
ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň Goranmak
ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin
Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF)
Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa
geçirmek babatda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak
ministrligi bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-njy ýyl üçin
Iş meýilnamasyna; Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF)
Türkmenistan boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa
geçirmek babatda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen
ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş
meýilnamasyna; Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen
Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň arasynda «Demografik
üýtgeşmeleri hasaba almak bilen maglumat ulgamlarynyň kämilleşdirilmegi» atly
taslamany ýerine ýetirmegiň 2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna»; Birleşen
Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan boýunça 2026 —
2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda Türkmenistanyň
Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky
wekilhanasynyň 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna; Türkmenistanyň
Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty bilen Birleşen Milletler Guramasynyň
Ilat gaznasynyň arasynda «Gender deňligini ilerletmek üçin ulgamy we gurallary
pugtalandyrmaga ýardam etmek» atly 2026-2027-nji ýyllar üçin Iş meýilnamasyna;
Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistan
boýunça 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Maksatnamasyny durmuşa geçirmek babatda
Türkmenistanyň Adalatçysynyň diwany bilen ÝUNISEF-niň Türkmenistandaky wekilhanasynyň
2026-njy ýyl üçin Iş meýilnamasyna gol çekildi.
Şeýlelikde, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda
geçirilen halkara maslahat gender deňligini üpjün etmek we Birleşen Milletler
Guramasynyň Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin halkara hyzmatdaşlyga
kuwwatly itergi berip, Bitarap Türkmenistanyň ählumumy ynsanperwer
ýörelgelerine berk ygrarlydygyny nobatdaky gezek tassyklady.