milli goshun logo
Aşgabatda «Türkmen alabaýy» atly döredijilik bäsleşik sergisi geçirilýär
Aşgabatda «Türkmen alabaýy» atly döredijilik bäsleşik sergisi geçirilýär
18 sagat öň 21 Habarlar

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň Sergiler zalynda «Türkmen alabaýy» atly döredijilik bäsleşik sergisi dowam edýär. Sergide goýlan köpdürli işler ýaş awtorlaryň suratkeşlik, grafika, heýkeltaraşlyk, amaly-haşam sungaty ýaly ugurlarda döreden eserlerini öz içine alýar.

Galereýada döredijilik ýokary mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýöriteleşdirilen çeperçilik mekdebiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň we Türkmen döwlet medeniýet institutynyň, Suratkeşler birleşiginiň wekilleriniň eserleri görkezilýär.

Sergide jemi 186 iş görkezilýär. Däp boýunça, ýeňijileriň atlary oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňüsyrasynda yglan ediler.