milli goshun logo
Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara forum geçirildi
Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda ýokary derejeli halkara forum geçirildi
1 gün öň 36 Habarlar

Şu gün paýtagtymyzda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli halkara forum geçirildi. Oňa dünýä döwletleriniň, halkara we sebit guramalarynyň ýokary derejeli wekiliýetleri gatnaşdylar. ...Ir bilen halkara foruma gatnaşýan ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary paýtagtymyzdaky Bitaraplyk binasyna gül desselerini goýdular. Her bir gül dessesi ýurdumyzyň daşary syýasy ugruna we onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine goýulýan çuňňur hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Soňra wekiliýet Baştutanlary Türkmenistanyň Maslahatlar merkezine geldiler. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda olaryň bilelikde resmi surata düşmek dabarasy boldy. Soňra döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda halkara forumyň açylyş dabarasy hem-de «Parahatçylyk we ynanyşmak: durnukly geljegiň bähbidine maksatlaryň bitewüligi» atly plenar mejlis geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz mejlisi açyp, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän halkara foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekledi hem-de bu forumyň geçirilmeginiň biziň döwletimiziň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydygyny belledi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine söz berdi.

Prezident Wladimir Putin Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma gatnaşýandygyna şatdygyny aýdyp, mundan 30 ýyl ozal, 12-nji dekabrda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesini resmi taýdan berkiden Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň buýsandyryjy ýagdaýdygyny belledi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana söz berdi.

Türkiýäniň Prezidenti hormatly Prezidentimizi, döwlet we hökümet Baştutanlaryny, foruma gatnaşyjylaryň ählisini mähirli mübärekläp, ata Watany hasaplaýan türkmen topragynda ýene-de bir gezek bolmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi we döwlet Baştutanymyzy hem-de Gahryman Arkadagymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlady. Şeýle-de ol hormatly Prezidentimize bu şanly günde halkara forumyň guralandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Soňra Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana söz berildi.

Prezident Masud Pezeşkian forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallyk bildirip, bu çäräniň ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna gabat gelmeginiň möhüm ähmiýetini belledi. 

Döwlet Baştutanymyz Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe söz berdi. Dostlukly ýurduň Baştutany türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny aýdyp, şu gün Türkmenistanda taryhy senäniň — hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygynyň baýram edilýändigini belledi.

Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa söz berildi. Dostlukly ýurduň Lideri bildirilen myhmansöýerlik we forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hoşallygyny beýan edip, parahatçylygy, özara ynanyşmagy, durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. 

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň Hökümetine we Birleşen Milletler Guramasyna şu günki möhüm çäräniň geçirilýändigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň halkyny hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra hormatly Prezidentimiz çykyş etmek üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berdi. Goňşy döwletiň Baştutany sözüniň başynda forumyň ýokary guramaçylygy we bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan edip, hormatly Prezidentimizi we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Soňra Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýana söz berildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belläp, bu möhüm çäräni guraýandygy hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde parahatçylygy, ynanyşmagy, bitaraplygy yzygiderli ilerledýändigi üçin hormatly Prezidentimize hem-de Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide söz berdi. Ol, ilki bilen, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan bu möhüm forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna çuňňur hoşallygyny beýan edip, Yrak Respublikasynyň dialogy, özara düşünişmegi sebitde hem-de dünýäde durnuklylygy üpjün etmegiň esasy şerti hökmünde görýändigini aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz San-Tome we Prinsipi Demokratik Respublikasynyň Prezidenti Karlos Manuel Wila Nowa söz berdi. Ol hormatly Prezidentimize we türkmen halkyna Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglaryny beýan etdi.

Soňra Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Şahbaz Şarife söz berildi. Ol Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu möhüm çärä gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, geçen ýyllaryň dowamynda bu hukuk derejesi BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen tassyklanyldy. Bu bolsa halkara bileleşigiň Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyna ýokary baha berýändigine şaýatlyk edýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gruziýanyň Premýer-ministri Irakliý Kobahidzä söz berdi. Ol halkara maslahata gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň halkara jemgyýetçiligi parahatçylyk, hyzmatdaşlyk we ynanyşmak ýaly ýörelgelere çagyrýan möhüm senedigini belledi. Gruziýanyň Premýer-ministri Türkmenistanyň Hökümetine sebitleýin hem-de ählumumy derejede dialogy, hyzmatdaşlygy, oňyn gatnaşygy ösdürmekdäki yzygiderli tagallalary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Premýer-ministri Ali Asadowa söz berildi. Ol foruma gatnaşyjylary mähirli mübärekläp, bildirilen myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdi.

Soňra çykyş etmek üçin Eswatini Patyşalygynyň Premýer-ministri Rassel Dlaminä söz berildi. Ol Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän bu taryhy foruma ýokary döwlet derejesinde gatnaşmagyň Eswatini Patyşalygy üçin uly hormatdygyny belläp, foruma gatnaşmaga çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz Mýanma Bileleşigi Respublikasynyň Premýer-ministri Nýo So söz berdi. Ol bildirilen myhmansöýerlik üçin Mýanmanyň wekiliýetiniň adyndan Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Arakesmeden soňra, plenar mejlis türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda dowam etdi. Gahryman Arkadagymyz ilki ýokary derejeli wekiliýet Baştutanlary, halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde resmi surata düşdi.

Milli Liderimiz foruma gatnaşyjylara ýüzlenip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzyň dünýä bileleşigi bilen bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygyny giňden belleýändigini, bu wajyp senäniň Garaşsyz türkmen döwleti üçin ähmiýetli wakadygyny, onuň daşary syýasatyndaky tapgyrlaýyn sepgitdigini belledi. 

Soňra Gahryman Arkadagymyz çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ženewadaky edarasynyň Baş direktory Tatýana Walowaýa söz berdi. Ol çykyşynyň başynda halkara foruma gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Kaha Imnadzä söz berildi.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Feridun Sinirlioglu Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän halkara forumda ÝHHG-ä wekilçilik etmeginiň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa sebitine ilkinji saparynyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli geçirilýän dabaralara gatnaşýandygyna örän şatdygyny aýtdy.

Soňra Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Asad Majid Hana söz berildi. Ol BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda Kararnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli bu möhüm halkara foruma gatnaşmagynyň özi üçin uly hormatdygyny aýdyp, ýurdumyzyň bu hukuk derejesiniň geçen döwürde Baş Assambleýanyň degişli Kararnamalary bilen tassyklanandygyny nygtady.

Soňra söz nobaty BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçana geçirildi. Ol bildirilen myhmansöýerlik hem-de forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi. 

Soňra çykyş etmek üçin BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsiýa Alişahbana söz berildi. 

Soňra Milli Liderimiz Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Nurlan Ýermekbaýewe söz berdi. 

Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň dolandyryjysynyň orunbasary Sýuý Haolýan çykyş edip, wekilçilik edýän guramasynyň adyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan bu halkara foruma gatnaşmaga örän şatdygyny aýtdy.

Forumda çykyş etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Baş direktorynyň orunbasary Sin Suýa söz berildi. Ol Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň geçirilýändigi we oňa gatnaşmaga çakylyk üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň Baş direktory Salim Al Malige söz berdi. Ol öňdengörüjilikli syýasaty bilen milli medeni mirasyny dünýäde tanadýan, parahatçylyk we ynanyşmak düşünjesini täze mazmun bilen baýlaşdyrýan ýurtda geçirilýän ýokary derejeli halkara forumda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy.

Soňra Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumyň işiniň tamamlanandygyny yglan edip, mejlisiň dowamynda örän möhüm teklipleriň we konsepsiýalaryň, gymmatly başlangyçlardyr pikirleriň beýan edilendigini, olaryň şübhesiz mynasyp goldawa eýe boljakdygyny, syýasy-diplomatik işde, döwletleriň hyzmatdaşlygynda, halkara guramalaryň we birleşikleriň işlerinde peýdalanyljakdygyny belledi.

Milli Liderimiz hemmeleri Halkara Bitaraplyk güni hem-de ýetip gelýän täze — 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forumy ýapyk diýip yglan etdi.

Forumda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleri goldanyldy. Jemleýji resminama hökmünde Aşgabat Jarnamasy kabul edildi.