Şu gün paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabat şäheriniň
ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilendigi baradaky
güwänamany gowşurmak dabarasy geçirildi.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 4-nji dekabrynda ýurdumyzyň
ylym we bilim ulgamyny ösdürmekde gazanan ýokary netijeleri, ähli ýaşdaky
raýatlaryň ömrüniň bütin dowamynda okamagy hem-de bilimleri özleşdirmegi üçin
zerur şertleri döreden Aşgabat şäheri dünýäniň 46 ýurdunyň 72 şäheriniň
hatarynda ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Bu
çözgüt Türkmenistanyň paýtagtynyň ylym-bilimi ösdürmekde, ähli ýaşdaky
raýatlaryň ömrüniň tutuş dowamynda okamagy babatda zerur şertleri döretmekde
ýokary netijeleri gazanandygynyň ykrarnamasy boldy.
Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, 2013-nji ýylda
döredilip, häzirki wagtda tutuş dünýä boýunça şäherleriň 425-sini özünde
jemleýän bu bütindünýä tory täze agza şäherleriň ähli ýaşdaky adamlaryň
bilimleri özleşdirmekleri üçin ýerli derejede degişli işleri durmuşa geçirmek
ugrunda aýratyn tagallalaryna hem-de ygrarlylygyna ýokary baha berdi. Oňa täze
agzalaryň kabul edilmegi bilen, öwreniji şäherleriň sany 91 ýurtdan 425 şähere
çenli artdy. Bu şäherler, takmynan, 500 million adamyň üznüksiz bilim almagy
babatda zerur şertleri üpjün edýärler. Aşgabat şäheri Porto-Nowo, Kair, Ankara,
Lissabon, Er-Riýad, Hanoý, Buenos-Aýres ýaly şäherler bilen birlikde, şu ýyl bu
tora kabul edilen 11 sany paýtagt şäheriň hataryna girdi. ÝUNESKO şu ýyl bu
tora 12 ýurduň, şol sanda Türkmenistanyň hem ilkinji gezek kabul edilendigini
habar berdi.
ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleri işjeň ösýän bileleşikler
bolup durýar. Olarda okatmak işi mekdeplerde, iş ýerlerinde, kitaphanalarda,
muzeýlerde, jemgyýetçilik giňişliklerinde gündelik durmuş ulgamyna
girizilendir. Bu şäherler ähli ýaşdaky raýatlara zähmet bazarynda üýtgäp durýan
şertlere uýgunlaşmaga, öz sowatlylyk derejesini ýokarlandyrmaga ýardam
berýärler, telekeçiligiň ösdürilmegini goldaýarlar, emeli aňyň ösýän döwründe
işlemek üçin başarnyklary emele getirýärler hem-de durnukly ösüşe ýardam
berýärler.
Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä
toruna kabul edilmegi Türkmenistanda adam mümkinçiliklerini ösdürmäge,
bilimleri we innowasiýalary özleşdirmäge gönükdirilen jemgyýetiň kemala
getirilmegi ugrunda edilýän tagallalaryň halkara derejede ykrar edilýändiginiň
aýdyň beýanydyr.